Türkmenistanda bar bolan magistral gazgeçirijileri tebigy gazy uzak möhletleýin ugrukdyrmaga niýetlenip, tebigy gaz bilen üpjün etmekde halkara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi üçin şert döredýär. Ol gazyň eksportynyň mümkinçiliklerini giňeldýär, döwlet energetik strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär we dünýä bazarlara energiýa serişdelerini durnukly hem-de ygtybarly ugratmak meselesini göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda bar bolan esasy gazgeçirijiler:
Häzirki wagtda Türkmenistanda bar bolan esasy gazgeçirijiler:
– «Türkmenistan-Hytaý» gazgeçirijisi;
– «Döwletabat-Derýalyk» gazgeçirijisi;
– «Körpeje-Gurtguýy» gazgeçirijisi;
–«Döwletabat-Sarahs-Hangeran»
gazgeçirijisi;
– «Gündogar-Günbatar» gazgeçirijisi.
«Türkmenistan - Özbegistan - Gazagystan - Hytaý» gazgeçirijisi
«Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý» transmilli gazgeçirijisi türkmen tebigy gazyny eksport etmek ugrunyň esasylarynyň biri bolup durýar. Malaý käninden we Amyderýanyň sag kenaryndan gözbaşyny alyp gaýdýan, bu turbageçirijiniň uzynlygy 9000 kilometrden gowrakdyr. Şolardan Özbegistanyň içinden 490 kilometri, Gazagystanyň çäginden 1304 kilometri we 7000 kilometrden gowragy Hytaýyň çäginde bolup, esasy senagat merkezlerine çenli, Şanhaý, Guanžou, Gonkong we bularyň üsti bilen başga-da beýleki bar bolan gaz ugurlary boýunça paýlanylýar.
Türkmenistanyň çäginden gazgeçirijiniň iki şahasy geçýär. Olaryň birinjisi «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanylýan «Malaý-Bagtyýarlyk» gazgeçirijiniň şahasy bolup, diametri 1400 millimetr, uzynlygy 184,5 kilometr, ikinji gazgeçirijiniň şahasy bolsa «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginden gazy ibermeklik üçin ulanylýar, bu ýerde Hytaý milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) operator bolup hyzmat edýär. Bu gazgeçirijiniň şahasy Samandepe käninden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Uzynlygy 76 kilometr, şonuň 67 kilometri 914 millimetr diametrli we 9 kilometri bolsa, 1069 millimetr diametrli gazgeçirijisinden ybaratdyr. «Türkmenistan - Özbegistan - Gazagystan - Hytaý» transmilli gazgeçirijisiniň açylyş dabarasy 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda geçirildi we işe girizildi.
Häzirki wagtda «Türkmenistan-Hytaý» gazgeçirijiniň üç şahasynyň (А, B, C) umumy kuwwatlylygy ýylda 55 milliard kub metre çenlidir.
«Döwletabat-Derýalyk» ulgamynyň gazgeçirijileri
«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan Türkmenistanyň gündogar we günbatar sebitlerinden çykarylýan türkmen tebigy gazyny daşary ýurtlara akdyrmakda demirgazyk ugur boýunça «Döwletabat-Derýalyk» gazgeçirijiler ulgamy ulanylýar.
Şol sanda: «Naýyp-Derýalyk» – diametrleri 1220 millimetr, 1020 millimetr, uzynlygy 942 kilometr, «Döwletabat-Derýalyk» – diametrleri 1420 millimetr, 1220 millimetr, uzynlygy - 3244,2 kilometr, «Buhara-Ural» –diametri 1020 millimetr, uzynlygy - 238,6 kilometr.
Şunuň bilen birlikde türkmen tebigy gazyny Türkmenistanyň gaz çykaryş etraplaryndan eksport üçin niýetlenen Türkmenistan-Gazagystan serhedine çenli umumy uzynlygy - 527 kilometr, diametrleri 530 millimetr, 720 millimetr we 1020 millimetr «Ekerem - Bekdaş» gazgeçirijisi ulanylýar.
«Körpeje - Gurtguýy» gazgeçirijisi
1997-nji ýylyň dekabr aýynda gazgeçirijiniň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň «Körpeje» gaz ýatagyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar we Eýranyň Gurtguýy şäherine çenli gazgeçirijisiniň uzynlygy 197 kilometre deňdir, şol sanda Türkmenistanyň çäginde gazgeçirijiniň uzynlygy 132 kilometrdir.
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýran Yslam Resbuplikasynyň gaz kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak we satmak baradaky şertnamasy esasynda, bu gazgeçiriji Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän ilatly ýerlerini türkmen tebigy gazy bilen ýylda 8 milliard kubmetre çenli üpjün etmäge niýetlenendir.
«Döwletabat-Sarahs-Hangeran» gazgeçirijisi
2010-njy ýylyň ýanwar aýynda bu gazgeçirijiniň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Döwletabat» iri gaz käninden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Eýran döwletiniň çäginde ýerleşýän Salyr Ýap ilatly nokadyna çenli bu gazgeçirijiniň uzynlygy 30,5 kilometrden ybaratdyr. Gazgeçirijiniň taslama kuwwatlylygy ýylda 12,5 milliard kubmetre çenli türkmen tebigy gazyny ibermeklige niýetlenendir. Eýran Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen tebigy gazynyň ugurlaryndaky gazgeçirijiler boýunça häzirki wagtda hereket edýän «Körpeje-Gurtguýy» we «Döwletabat-Sarahs-Hangeran» gazgeçirijileri bilelikde Türkmenistandan ýylda 14 milliard kub metre çenli tebigy gaz şertleşilen, gazgeçirijileriň taslama kuwwatlyklary 20 milliard kub metre çenli geçirmäge mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.
«Gündogar-Günbatar» gazgeçirijisi
«Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň bölümleri tarapyndan gurluşygy alnyp baryldy. Taslama kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kubmetre çenli, uzynlygy 773 kilometr, diametri 1420 millimetr bolan ýokary basyşly «Gündogar-Günbatar» gazgeçirijisiniň 2015-nji ýylyň dekabr aýynda açylyş dabarasy boldy.
Bu gazgeçiriji öz gözbaşyny Mary welaýatyndaky «Şatlyk» gaz gysyjy bekedinden alyp gaýtmak bilen, ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän iri känleriň günbatar sebitler bilen birikdirilmegine uly mümkinçilik döretdi. Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çägini kesip geçip, bu gazgeçiriji Balkan welaýatynyň «Belek» gaz gysyjy bekedine çenli ýetirildi.
«Gündogar-Günbatar»gazgeçirijisi Türkmenistanyň tebigy gazy daşyna we içine ibermek infrastrukturasyny has-da giňelder, Ruhabatda ýerleşýän demir zawodyny, dokma önümlerini öndürýän toplumlaryny, gurluşyk harytlaryny öndürýän kärhanalaryny, Abadan şäherindäki senagat pudaklaryny gaz bilen üpjün etmek üçin, tutuş ulgamy döretmäge ýardam berer. Şeýle hem Türkmenistanyň ähli çäklerinden tebigy gazyň gerek ýerine ugrukdyrmagyna esas bolup hyzmat etjekdigini belläp geçmelidir.
«Türkmenistan-Owganystan-PAkistan-Hindistan» gazgeçirijisiniň taslamasy
Taslamanyň esasy tehniki görkezijileri: TOPH gazgeçirijisiniň umumy uzynlygy 1814 kilometr, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden 214 kilometri, 774 kilometri Owganystanyň we 826 kilometri Pakistanyň çäklerinden geçirilmegi göz öňünde tutulandyr. Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda sarp edijiler üçin gazgeçirijiden meýilleşdirilýän akdyryljak türkmen tebigy gazyň möçberi her ýylda 33 milliard kubmetre çenli ýetiriler.
2015-nji ýylyň 6-njy awgustynda Aşgabatda TOPH-nyň Ýolbaşçy komitetiniň 22-nji mejlisinde hakyky taryhy ähmiýetli çözgüt kabul edildi. Oňa gatnaşyjylaryň hemmesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň pudak ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň wekilleri tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserni «TAPI Ltd.» Konsorsiumynyň ýolbaşçysy hökmünde biragyzdan saýlanyldy.
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda bu gaz geçirijiniň düýbüniň tutulyş dabarasy geçirildi. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň çägine düşýän böleginde gurluşyk işleri «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleri tarapyndan amala aşyrylýar.
«Hazarüsti» gazgeçirijisiniň taslamasy
2008-nji ýylyň 26-njy maýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek boýunça Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi. Şu Çarçuwaly Ylalaşyga laýyklykda, bazarlaryň diwersifikasiýasy, energetiki serişdeleri eltmek we energetik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenen hyzmatdaşlyk barada taraplar özara gepleşdiler.
Hazarüsti gazgeçirijisiniň gurluşyk taslamasyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žoze Manuel Barrozu 2011-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelende ara alyp maslahatlaşdylar. Taslama boýunça işlemäge Işçi topary döretmekligi ylalaşdylar.
2011-nji ýylyň 9-njy martynda taslama boýunça birinji gepleşikler Türkmenistanyň, Ýewropa Komissiýasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ministrleriň derejesinde Frankfurt (Germaniýa) şäherinde geçirildi. Soňra ministrleriň we işçi toparyň derejesinde gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Türkmenistanyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ara alyp maslahatlaşmak we Çarçuwaly Ylalaşygyň esasy şertleriniň ylalaşylmagy boýunça 2012-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde ministrleriň derejesindäki duşuşyk geçirildi.
2013-nji ýylyň noýabr aýynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazaryna çykarmak we Hazarüsti turbageçirijisi boýunça Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
«Türkmenistan-Hytaý» «Dördünji hatar (D)» taslamasy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesi esasynda «Türkmenistan-Hytaý» gazgeçirijiniň dördünji şahasyny gurmak barada Ylalaşyga 2013-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda gol çekildi. Täze D – şahasyny «Türkmenistan - Özbegistan - Täjigistan - Gyrgyzystan – Hytaý» ugry boýunça gurmaklyk meýilleşdirilýär.
Bu gazgeçiriji ýylda gazyň iberilmegini goşmaça 25 milliard kubmetre çenli artdyrmaga mümkinçilik döreder we Hytaý Halk Respublikasyna iberiljek umumy türkmen tebigy gazy ýylda 65 milliard kubmetre ýetiriler.
Hytaýa ugradylýan türkmen tebigy gazyny şu ugur boýunça ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň çig maly üpjün eder.