icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

22 maý 2023

1060

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň Sebit direktorynyň duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýugeniň bilelikdäki duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BSGG-nyň Sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň wezipeleri, şol sanda, Merkezi Aziýa sebitinde «Ýeketäk saglyk» konsepsiýasyny ösdürmek we ilerletmek, saglygy goraýyş ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin başlangyçlary babatynda hem-de Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýyşy goldamagyň Ýol kartasy bilen bagly meseleler boýunça özara pikir alyşyldy.   

Türkmen tarapynyň bellemegine laýyklykda, Ýol kartany netijeli amala aşyrmak üçin ähli derejelerde hyzmatdaşlygy alyp barmaklyk zerur bolup durýar. Mundan başga-da, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça önjeýli strategiýalary we çäreleri işläp düzmek hem-de durmuşa geçirmek üçin bolsa, diňe bilelikdäki tagallalar amala aşyrylmalydyr.

Hans Klüge hem, öz gezeginde, sebitiň ýurtlaryna Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýyşy goldamagyň bilelikdäki Ýol kartasyny ýerine ýetirmekde goldaw berjekdigini beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi