icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

24 maý 2023

1324

Türkmen-rumyn medeni gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimowyň Rumyniýanyň medeniýet ministri Luçian Romaşkanu bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy myhmansöýerligi hem-de Türkmenistanyň medeniýet günlerini geçirmäge ýardam bereni üçin rumyn tarapyna hoşallyk bildirdi.

Taraplar medeni ulgamda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Hereket edýän ikitaraplaýyn medeni hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň ähmiýetini nygtamak bilen, onuň bilelikdäki çäreleri, şol sanda, birek-birekde Medeniýet günlerini geçirmäge oňat esas bolup durýandygyny aýtdylar.

Söhbetdeşler medeni diplomatiýanyň okgunly ösdürilýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň bir bölegi bolup durýandygy barada umumy pikiri beýan etdiler.

Şeýle hem olar şu ýylyň 13-16-njy iýunynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Awaza 2023» Halkara tans we folklor festiwalyna rumyn tarapynyň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi