icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

01 sentýabr 2023

1685

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Gruziýadaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwilä ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin alyp barýan işlerinde gruzin tarapynyň ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ýokary derejede saparlary guramak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçi, öz gezeginde, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi