icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

08 sentýabr 2023

1509

Türkmen tarapynyň Tokioda geçirilen ylym we tehnologiýa maslahatyna gatnaşmagy

2023-nji ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Ylym geňeşiniň guramagynda Tokio şäherinde “Durnuklylyk üçin ylym we tehnologiýa – 2023” atly halkara maslahaty geçirildi, onuň işine Ýaponiýanyň hökümetiniň agzalary, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ylmy we bilim toparlarynyň hünärmenleri, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmen tarapynyň çykyşynda ýakynda ýurdumyzda häzirki zaman ülňülerine gabat gelýän "akylly" şäher Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berlendigi bellenip geçildi. Täze şäherde ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň “BMG-2030 Durnukly Ösüş Maksatlarynyň” ýörelgelerine gabat gelýändigi barada bellenildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça “Tokio Beýannamasy 2023” kabul edildi. Hususan-da, halkara maslahatyna gatnaşyjylar şäherleri abadanlaşdyrmak üçin maýa goýumlary artdyrmagyň, bu ugurda "akylly" şäherleriň we sanly özgertmeleriň zerurlygyny aýratyn bellediler. Bu ugurda Ýaponiýanyň Ylym geňeşi ýokardaky maksatlara ýetmek babatynda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hereketlerini ýokarlandyrmak üçin köpugurly dolandyryş strategiýasynyň üsti bilen innowasiýa geçmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

 

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň arasyndaky “Tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy” durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) bilen “Aşgabat şäheriniň çäklerinde we onuň töwereklerinde seýsmologik gözegçilikler ulgamyny gowulandyrmagyň taslamasyny” ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki barlaglary geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi