15 sentýabr 2023
5530
Er-Riýadda türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösüşi boýunça pikir alşyldy
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň köptaraplaýyn halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Abdul Rahman bin Ibrahim Al-Rassi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan gatnaşyklary berkitmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Başga habarlar
21
Noý
Rimde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy we halkara hukugyň ösüşi» atly maslahat geçirildi
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY
20
Noý
Türkmenistanyň Ilçisi Monako Knýazlygynyň Daşary gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri bilen duşuşdy
19
Noý
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşýar
17
Noý
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY
Ähli habarlary görmek