19 sentýabr 2023
5382
Yslamabatda türkmen-päkistan medeni gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Päkistan Yslam Respublikasynyň wagtlaýyn hökümetiniň Milli miras we medeniýet bölüminiň Federal ministri Saýed Jamal Şah bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda, Ilçi täze wezipä bellenmegi mynasybetli Saýed Jamal Şahy gutlady we döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Taraplar iki ýurdyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk hem berkidilmeginiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Başga habarlar
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
Ähli habarlary görmek