2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary Azerbaýjan Respublikasynda resmi iş saparynda boldy.
Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn
dost-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan iň häzirkizaman ulag infrastrukturasynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek barada pikir alyşma boldy.
Saparyň çäklerinde türkmen-azerbaýjan ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçdi. Bu duşuşyga azerbaýjan wekiliýetine ýurduň Ykdysady ösüş ministri Şahin Mustafaýew baştutanlyk etdi. Geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek barada pikir alyşmalar boldy.
Şeýle hem ulag ugruna degişli döwlet edaralarynyň arasynda birnäçe ikiçäk iş gepleşikleri geçirildi.