icon
Türkmençe
Русский
English
2023-nji ýyl - «Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly
»
img

16 fewral 2019

805

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Tomiýamo Mikitonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň başynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýeten sepgitleri barada pikir alyşdylar. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan dürli derejelerdäki saparlaryň ähmiýetlidigini we netijeliligini belläp geçmek bilen, ýola goýulan hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly soraglar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň çäklerinde, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň gün-günden ösýändigini belläp geçmek bilen, taraplar hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda- ykdysady, şeýle hem ynsanperwer ugurlaryna seretdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki birek birege berilýän goldawlaryň möhümliligi hem aýdyldy.

Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bolan energetika, ulag we suw diplomatiýasy mowzuklarynda hem pikir alyşyp, taraplar bu ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň derejesini dünýä tanatmak gerekdigini aýtdylar. Şeýle hem, gepleşikleriň çäklerinde “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogy dogrusynda ara alnyp maslahatlaşmalar geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2023 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi