2016-njy ýylyň 15-nji awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Hytaýyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary j-p Li Hueýlaý baştutanlyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini belläp, gatnaşyjylar iki ýurduň Liderleriniň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça meseleleriň giň çygryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar çygyrlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleleriň giň sanawyna, senagat, ýokary tehnologiýalary we oba hojalyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Mundan başga-da hökümetara toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň saparlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem energetika we ulag çygyrlarynda bilelikdäki taslamlary durmuşa geçirmek arkaly geljekde gatnaşyklary ösdürmekde taraplaryň ikitaraplaýyn gyzyklanmalary bellenildi.
Taraplar netijeli hyzmatdaşlygyň jemleri boýunça hoşallyklaryny beýan edip, özara hormat goýmak we ynanmak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan özarabähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň tarapdarydyklaryny beýan etdiler.
Şeýle hem, hytaý tarapynyň Türkmenistana bolan saparynyň dowamynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň howpsuzlyk boýunça kiçi komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi.
Geçirilen mejlisiň dowamynda degişli çygyrlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk meselelerine seredildi, ýerine ýetirilen işlere baha berilip, ýüze çykýan meseleleri çözmek boýunça çäreler kesgitlenildi we geljekgi döwür üçin işiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek boýunça howpsuzlyk çygrynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň Döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine taraplaryň aýratyn ünsi berildi. Taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän sebitleýin we halkara meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.
Mejlisiň netijesi boýunça degişli protokola gol çekildi.