icon
Türkmençe
Русский
English
2023-nji ýyl - «Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly
»
img

26 ýanwar 2017

839

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeler

2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary j-p Saýidikram Niýazhijaew ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna seredildi we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýetini belläp, taraplar ýokary derejeli saparlaryň wajyp ornuny bellediler. Syýasy hyzmatdaşlygyň meselelerine garamak bilen, taraplar halkara guramalarynyň çarçuwasynda geljekde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da söwda-ykdysady özara gatnaşyklarynyň meselelerine seredildi. Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ugurlaryň hatarynda ulag, oba we suw hojalyk pudaklary bellenildi.

Medeni-gumanitar özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesine ünsi çekip, taraplar bilelikdäki ykdysady we medeni çäreleri geçirmek arkaly, iki ýurduň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2023 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi