2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň
parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda ekologiýanyň ähmiýeti» atly ikinji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisi BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň Başlygy N.Natswlişwili alyp bardy.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary G.Müşşikow, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy A.Kurmanowa, Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň Ýewraziýa boýunça wekili W.Zaharenko, Halkara zähmet guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň direktory O.Kulaýewa, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Ekologiki Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Z.Makhmudow we abraýly halkara guramalaryň beýleki wekilleri, şeýle-de uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
Öz çykyşynyň dowamynda, Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň Baş direktory Daren Tang bu halkara maslahatyň ählil gatnaşýanlara parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş bilen bagly häzirki we geljekki meseleler babatda pikir alyşmaga mümkinçilik berýändigi barada belledi. Şeýle-de ol ählumumy gülläp ösüş we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ylymda, tehnologiýalarda we innowasiýalarda döredijilik ukyplary ösdürmegiň wajyplygyny nygtady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýadaky sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Žaçek Çukrowski bu guramanyň Türkmenistandaky işi barada aýtmak bilen, kiçi we orta kärhanalary goldamak, milli hil infrastrukturasyny berkitmek, maýa goýumlary çekmek we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam bermek ýaly ileri tutulýan ugurlary öz içine alýan 2015-nji ýylda gol çekilen Bilelikdäki Beýannamanyň ähmiýeti barada belledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalar boýunça müdirliginiň Sebitleýin ýolbaşçysy Freýa fon Grute öz çykyşynda BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň strategiki ösüş maksatlaryny goldaýandygy barada belledi. Şeýle hem ol bu guramanyň Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny berkitmekde alyp barýan işi barada gürrüň berdi.
BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyrjysy Dmitriý Godunow bu guramanyň Türkmenistanda alyp barýan işi barada aýdyp, üstaşyr mümkinçilikleri güýçlendirmek, milli ulag we logistika infrastrukturasyny giňeltmegi işjeňleşdirmek işinde gümrük edaralarynyň ýeke-täk awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamynyň ähmiýeti barada belläp geçdi.