icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

19 maý 2023

1997

Türkmenistanyň wekiliýeti «KazanForum 2023» forumyň çärelerine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda «KazanForum 2023» halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady.

Forumyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada” atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň geografiki ýerleşişi bilen baglylykda, daşamalaryň global zynjyryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag ugry bolsa, bu ulgamyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça amala aşyrylýan gatnawlaryň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli polat ýolunyň işe girizilmegi bilen, ýurduň üstaşyr akymlardaky logistikasynyň mümkinçilikleri has-da täsirli bolup durýar. Onuň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi baradaky ylalaşyga goşulmagy bilen bagly degişli işler alnyp barylýar.

Forumyň gün tertibine şeýle-de “Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri” atly aýratyn sessiýa girizildi, onuň dowamynda bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşýan myhmanlar «Russia Halal Expo» atly halkara sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Onda Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen tanyşdyryldy.  

Şol günüň özünde Gubernator köşgünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Husnullin hem-de RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanow bilen duşuşyklary geçirildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde M.Çakyýewiň «Kamaz» kompaniýasynyň baş direktory S.Kogogin bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi