2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny beýan edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus syýasy dialogynyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Parlament ugry boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geňeşmeler geçirilýär.
Türkmenistan bilen Russiýa ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bitarap daşary syýasatyny we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Nebitgaz pudagynda, şeýle hem awtoulag senagaty, gämigurluşyk, awiasiýa ulagy, gazhimiýa we beýleki ulgamlarda oňyn netijeler gazanyldy. Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny gurşap alýan şertnama-hukuk binýady kemala getirildi.
Şunda ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigi we onuň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Gazanylan ylalaşyklary we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hökümetara topara aýratyn uly orun degişlidir.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ugurda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Bu babatda bilim, ylym, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat öz tarapyndan iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.