icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 maý 2023

1823

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

30-njy maýda Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy.

EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gazanan we häzirki günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanmagyny dowam etdirýän üstünliklerine Eýranda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny nygtady.

Tähranda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna aýratyn ähmiýet berilýär we netijeli döwletara dialogy pugtalandyrýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň subutnamasy hökmünde garalýandygy bellenildi.

Arkadagymyz ýurtlarymyzyň halklarynyň asyrlaryň dowamynda diňe bir goňşy bolman, eýsem, garyndaşdyklaryny hem belledi. Açyklyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan şeýle ikitaraplaýyn gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň we duşuşygyň türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn goşant boljakdygyna, olary giňeltmäge itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Soňra ikitaraplaýyn, şeýle-de iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Eýran bilen doganlyk gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Eýran ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi nygtaldy.

Eýran Yslam Respublikasy ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplyk hukuk derejesini goldap, bu ugurda dünýä giňişliginde degişli ýardamlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň bitarap daşary syýasatyna we öňe sürýän halkara başlangyçlaryna berýän goldawlary üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan hem, öz gezeginde, Eýranyň özygtyýarlylygyna, saýlap alan ýoluna hormat goýýar. Ýurdumyz EYR-nyň anyk we netijeli ýörelgelerine ýokary baha bermek bilen, dünýä giňişliginde eýeleýän möhüm ornuna uly ähmiýet berýär hem-de onuň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýar.

Şeýle hem sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri halkara giňişlikde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde Merkezi Aziýanyň we oňa goňşy döwletleriň dünýäniň üns merkezindedigini belledi. Bu bolsa sebitiň ornunyň belli bir derejede ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýurtlarymyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebitimiz bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryň ýylsaýyn ýokarlanmagynda berk esas bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň esasy meseleleriniň birine — sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň Hazar deňzi bilen bagly meseleleri boýunça-da pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, sebitdäki geosyýasy ýagdaýlarda belli bir derejede Hazar deňziniň täsiri peýda bolup başlady. Bu bolsa sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge borçlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

Şol bir wagtda, häzirki dünýä şertlerinde, Hazar basseýniniň diňe bir syýasy däl-de, eýsem, ykdysady taýdan hem ähmiýetiniň artýandygyny bellemek zerur diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygyň strategik mümkinçiliklerini görýändigini nygtady.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ulag, nebitgaz we elektroenergetika ýaly iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik taýdan ähmiýetli ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň, şeýle hem iki ýurduň parlamentleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri barada pikir alşyldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň doganlyk Eýran Yslam Respublikasy bilen bu ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Bilelikde geçirilýän medeni çäreler we ylmy maslahatlar halklarymyzyň özara ruhy taýdan baýlaşmagy üçin mümkinçilikleri giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň özara gatnaşyklary, hususan-da, ylym-bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlarynda, şeýle hem welaýatlaryň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy bellenildi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Sadek Amoli Larijani gadymy milli ýörelgeleri gaýtadan dikeltmek wezipesiniň Türkmenistanda amala aşyrylýan syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Munuň özi ýaş nesli watançylyk, ata-babalaryň mirasyna aýawly çemeleşmek ruhunda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir.

Söhbetdeşligiň dowamynda Sadek Amoli Larijani Türkmenistanda Arkadag şäherde metjidiň we medresäniň gurulmagynyň sogap işdigini belledi. Munuň özi dini ýörelgeleriň dowam etdirilmegine ýardam berer. Bu bolsa biziň doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrýar.

Duşuşygyň ahyrynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň giň meseleleri boýunça pikir alyşmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmegiň anyk ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

Arkadagymyz döwletlerimiziň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň maksadalaýykdygyny belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi