31 maý 2023
4746
Şertnamalaýyn-hukuk binýady tükellemek meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi
2023-njy ýylyň 31-nji maýynda Buharest şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Geňeşmeler türkmen-rumyn gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly we işjeň ýagdaýynda geçdi. Şeýle hem diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk ulgamyny giňeltmek mümkinçiligi bolan ugurlary kesgitlediler.
Başga habarlar
02
Sep
Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
02
Sep
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär
31
Aug
Türkmenistanyň we Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
31
Aug
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
30
Aug
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Ähli habarlary görmek