icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

05 iýun 2023

2088

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Taraplar döwletara gepleşikleri ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ornuny belläp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa eden saparynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Duşuşykda geçen ýylyň dekabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 14-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegine hem-de möhüm resminamalaryň gol çekilmegine ünsi çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, komitetleriň başlyklary ykdysady hyzmatdaşlyk komitetleriň bilelikdäki mejlisiniň teswirnamasynda görkezilen taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň gidişini jikme-jik gözden geçirdiler.

Munuň bilen birlikde, infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” öňdebaryjy pikirler we degişli taslamalar bilen baýlaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek we ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça maksatly işleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi