icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

06 iýun 2023

1928

Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew, gruzin tarapyna Gruziýanyň wise-premýeri, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.

Toparyň ýolbaşçylary ýygnagy açyp, hökümetara gepleşikleriň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler we Türkmenistan bilen Gruziýanyň hyzmatdaşlygyny işjeň giňeltmäge taýýardygyny bildirdiler.

Taraplar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm faktory hökmünde, Türkmenistanyň we Gruziýnyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňelmek we pugtalandyrylmak, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek bolup durýandygyny aýtdylar.

Energetika we ulag pudaklary esasy segmentleriň arasynda kesgitlenildi. Toparyň agzalary Türkmenistan bilen Gruziýanyň ulag we energetika pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini bellediler we bu pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek isleýändiklerini aýtdylar.

Şeýle hem, topar medeni, gumanitar, ylmy we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini we möhümligini belläp geçdi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň arasynda sport we syýahatçylyk ugurlaryny hem bellediler.

  Duşuşygyň netijesinde degişli teswirnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi