icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

06 iýun 2023

1681

Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisiniň çäginde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Tbiliside iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudaklarynda bar bolan iri söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşanlar milli önümleri mahabatlandyrmak, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek we kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin taraplaryň söwda-ykdysady çärelere gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösmegine, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň emele gelmegine, telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmegine, telekeçiligiň ähli görnüşiniň hemmetaraplaýyn ösmegine, işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-döredijilik gatnaşyklarynda iki ýurdyň Söwda-senagat edaralarynyň ähmiýeti bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi