Däp bolşy ýaly Türkmenistan parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek ugrundaky halkara başlangyçlaryň awtory hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde we onuň daşynda wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşýar.
Ählumumy dünýä, howpsuzlyk we durnuklylyk – bu Türkmenistanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisindäki hödürlenjek garaýşlarynyň esasy düzümi bolýar. Türkmenistanyň şu daşary syýasy ugry öňüni alyş diplomatiýany ulanmak we berkitmek şeýle hem BMG-de ýiti meseleleri çözmek, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň üsti bilen işjeň goldaýar we ösdürýär. Ýurduň sebitleýin we global meseleleri, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde aýratyn orun tutýandygyny, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guttereş bilen şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçiren duşuşygynyň dowamynda bellendi.
Şu ýylda şanly on ýyllygyny belleýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň BMG-niň Sebitleýin Merkezi Bitarap Türkmenistany halkara arenasyndaky ädimlerine ýokary baha berýär, sebäbi olar Merkeziň wezipelerine we borçlaryna manydaş gelip, hususan-da döwletleriň öňüni alyş diplomatiýanyň gurallaryny ulanmagyny goldaýar. Şu çarçuwada BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýa baradaky rezolýusiýasynyň taslamasyny taýýarlamak we kabul etmek hakyndaky syýasy başlangyjyny Sebitleýin Merkez hem goldaýar.
Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi bilen bagly başlangyçlar, energetika we ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar esasy ünsi çekmäge mynasypdyr. Durnukly ösuşe göni baglylygyny göz öňüne tutup energetika howupsyzlygy we daşky gurşawy goramak meselesini çözmek başlangyçlary boýunça Türkmenistan sebitde öz wagtynda we gaýragoýulmasyz gözdengeçirmeklige mynasyp hyzmatdaş höküminde garalýar.
Biz Türkmenistanda 2018-nji ýylda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň howandar ýurtlarynyň sammitini geçirmek başlangyçlaryny garşy alýarys we goldaýarys. Suw gorlaryny ulanmak Merkeziň öňüni alyş hereketine gönükdirilen möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Merkez AHHG-nyň (Araly halas etmegiň halkara gaznasy) ýerine ýetirji komiteti bilen bilelikde işgärleriň iş derejesini ýokarlandyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy goldamakda we Aral deňiziniň Basseýini baradaky maksatnamasyny we beýleki soraglar boýunça özara habar alyşýarlar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin Merkezi Araly goramak boýunça Merkezi fondunyň sebitleýin suw strategiýasy barada meseleleri işläp düzmek boýunça ýerine ýetiriji komiteti bilen we türkmen wekilleri bilen ýakyn aragatnaşykda durýar. Türkmen tarapy Sebitleýin Merkeziň suw meseleleri boýunça guraýan çarelerine işjeň gatnaşýar.
Ýene-de bir Türkmenistanyň görnükli başlangyçlarynyň biri – terorçylyga garşy durmak baradaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde şübhesiz Merkezi Aziýada sebitde parahatçylygy berkitmäge we global durnuklylygy saklamaga kömek edýär. BMG-nyň Sebitleýin Merkezi we Türkmenistan şu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. 2011-nji ýylyň noýabrynda Sebitleýin Merkez Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde Agabatda ýokary derejeli duşuşyk gurnady, onuň dowamynda oňa gatnaşyjylar BMG-nyň Kontrterrorçylyk strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça Bilelikdäki Meýilnamany kabul etdiler. Kabul edilen bu resminama öz ugrundan ýeke-täk bolup, global kontrerrorçylyk strategiýanyň belli bir sebite ornaşdyrmak boýunça dünýede ilkinji tejribe bolup durýar. Ol beýleki döwletler üçin dünýäniň dürli künjeklerinde görelde bolup hyzmat etdi. Şol işiň çäginde Aşgabatda şu ýylyň 13-nji iýunynda BMG-nyň Baş Sekretary jenap Antonio Guttereşiň gatnaşmagynda: “Dialog: Merkezi Aziýa- BMG” BMG-nyň Merkezi Aziýada global kontrterrorçylyk strategiýasy temasynda ýokary derejede duşuşyk bolup, ol Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.
Ýaňy-ýakynda Aşgabatda açylan Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly Ösüş Merkezi hemmeler üçin we hemme parahatçylygy dörediji gatnaşyjylar üçin möhüm waka bolup durýar. Biziň pikirimiz boýunça BMG-nyň durnukly ösüşiň täsirli maksatlaryny durmuşa geçirmekde gor döretmäge Türkmenistanyň ýokary derejede ygrarlylygyny görkezýär. Durnukly ösüş Merkezi diňe bir halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen çäklenmän şeýle hem gepleşikleri ýygjamlaşdyrmaga we şu ugurdaky geljekki taslamalary amala aşyrmakda oňat nusga bolup hyzmat etjekdigine biz ynanýarys.
Ýakyn günlerde Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary badalga alar. Bu öz gezeginde Aziýa we Okeaniýa ýurtlary üçin Olimpiada bolup Türkmenistanyň sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak üçin edýän tagallalarynyň oňat görkezijisi hasaplanýar. Sport diňe bir milletiň sagdynlygyny berkitmän eýsem milletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam edýär. Şu ýerde gadymy wagtlardan mysal alsaň: belli bolşy ýaly Olimpiýa Oýunlarynyň geçirilýän döwründe mukaddes ylalaşyk yglan edilýän eken. Olimpiýa Oýunlaryny esaslandyryjylaryň aýdyşy ýaly ”Bütin dünýä ýaşlary söweş meýdanlarynda däl-de, sport ýaryşlarynda güýç synanyşyp ýaryşmalydyrlar.” Bu şygar Türkmenistntň daşary syýasy başlangyçlary bilen örän oňat sazlaşýar. Bu Oýunlara dürli ýurtlardan köpsanly türgenler gelip biri-birleri bilen we gözel Aşgabat şäheri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkez sporta öňüni alyş diplomatiýasynyň täsirli guraly hökmünde garaýar, şonuň bilen baglylykda Türkmenistanyň halkara sporty ösdürmekdäki başlangyçlaryny we goşandyny doly goldaýar. Biziň merkezimiz hem bu uly işlere öz goşandyny goşýar we mini futbol boýunça Aşgabatda işleýän dürli ýurtlaryň diplomatlarynyň arasynda her ýylda ýaryşlary gurnaýar. Biz Türkmenistanyň hökümetine bu çareleri geçirmek üçin goldawyna minnetdardyrys.
Sözümiň ahyrynda Türkmenistana möhüm halkara başlangyçlary amala aşyrmakda üstünlik arzuw edýärin, we bu işiň çäklerinde Sebitleýin Merkeziň bilelikde hereket etmegine taýýardygyny beýan etmek isleýärin.
Filipp Saprykin,
Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin Merkeziniň uly syýasy geňeşçisi