2017-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahaty öz işine başlady. Bu maslahat 2017-nji ýylyň sentýabryndan 2018-nji ýylyň sentýabry aralygyndaky döwürde dowam eder. BMG-niň Baş Assambleýasy öz işiniň barşynda gapma-garşylyklaryň öňüni almak, adam hukuklaryny goramak, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek, howanyň üýtgemegi we BMG-niň özgertmeleri hakyndaky meselelere üns berer. Şeýle-de, 2017-nji ýylyň 19-25-nji sentýabry aralygynda döwlet Baştutanlarynyň we hökümetleriň gatnaşmaklarynda “Ünsi adamlarda jemlemek — durnukly planetada parahatçylyk we hemmeler üçin mynasyp durmuş ugrunda çalyşmak” atly umumy ara alyp maslahatlaşma geçiriler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynda ileri tutulýan meseleleriň biri-biri bilen baglanyşykly bolmagy tötänleýin däldir. Dünýä milletleriniň bileleşiginiň uzaga çeken açyk gapma-garşylyklaryň we olar bilen baglanyşyklylykda adamlaryň horluk çekmekleriniň soňuna nokat goýulmalydygyna, şeýle-de ynsanperwer, durmuş-ykdysady we ekologiýa ulgamlaryndaky häzirki zaman ösüşiniň meselelerine durnukly çözgüt tapmalydygyna göz ýetirendigi aýdyň görnüp dur. Şonuň üçin Baş sekretar Antonio Guterreş Baş Assambleýanyň 72-nji maslahatynyň açylyşynda eden çykyşynda BMG-niň häzirki zaman şertlerine uýgunlaşmak we öz öňünde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin has uly tagallalary etmelidigini aýtdy.
Global meseleleri çözmäge Türkmenistan hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Baş Assambleýanyň beýik münberinden öz ileri tutýan garaýyşlaryny beýan edýär, ol bu garaýyşlaryny BMG-niň bu möhüm düzüminiň işiniň dowamynda yzygiderli gorar.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hökmünde Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerindäki garaýyşlarynyň nobatdaky möhüm maslahatda garaljak ileri tutulýan meseleleriň umumy mazmunyna laýyk gelýändigini bellemek meniň üçin ýakymlydyr.
Biz döwletiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda öňe sürjek garaýyşlaryny doly goldaýarys. Şeýle-de BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan meýlini makullaýar.
Biz Türkmenistanyň Hökümetiniň ýurtda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamy boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge yhlaslylygyna ýokary baha berýäris. BMG Türkmenistan bilen Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) millileşdirmekde, DÖM durmuşa geçirmek üçin milli guraly döretmekde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekligi ornaşdyrmak we tizleşdirmek ulgamynda Hökümet bilen başlan gepleşiklerimiziň dowam etdirilmegi biz üçin aýratyn möhüm bolup durýar. Şol maksatlarda esasy ulgamlarda milli strategiýalaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy wezipelerine laýyk gelýändigi boýunça olara tiz we toplumlaýyn baha bermekligi geçirmek barada şertnama kabul edildi. Baha beriş işleri Durnukly ösüş maksatlarynyň käbirleriniň durmuşa geçirilmegi tizleşdirilen ýagdaýlarda DÖM-niň beýleki ugurlarynyň amala aşyrylmagyna oňyn täsir edip biljek taraplaryň hem ýüze çykarylmagyna ýardam berer. Şeýle bolaýmagy mümkin hasaplanylýan ugurlar diýlip, ykdysady diwersifikasiýanyň we adam kuwwatyny pugtalandyrmagyň üsti bilen, durnukly ykdysady ösüş; hemmeler üçin durmuş taýdan ösüş; howa töwekgelçilikleriniň gowşadylmagy we olara bolan durnuklylygyň gowulanmagy ýaly ugurlar hasaplanylýar. Geçirilen baha beriş işleriniň netijeleri boýunça ýurtda DÖM-ni ulgamlaýyn amala aşyrmak üçin ýol kartasynyň işlenilip düzülmegine garaşylýar, ol DÖM-ni amala aşyrmaklygyň monitoring guralyny döretmekligi hem öz içine alar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynyň çäklerinde ýurduň ileri tutýan garaýyşlaryny içgin öwrenmek bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Gullugy Türkmenistanyň BMG-niň 2018-nji ýylda ýokary derejede geçiriljek Syýasy forumynyň maslahatyna gatnaşmaga meýlini goldaýar. Bu maslahat 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişine syn bermek üçin her ýyl EKOSOS-yň çäklerinde geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, forumda BMG-niň agzalary-döwletler “Daşky sarsgynlara durnukly we ýaşaýşa ukyply jemgyýetleri döretmek maksatlarynda üýtgedip gurmak” atly temanyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde gazanylan ösüşler bilen tanyşdyrarlar. BMG-niň ýurtdaky Wekilhanasy Türkmenistan tarapyndan milli syny taýýarlamakda hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr.
Edil şolar ýaly, BMG-niň düzümleriniň Türkmenistanyň Hökümetiniň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda we Aral deňzi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge-de ýardam etmäge taýýardyklaryny bellemek isleýärin.
Biz Türkmenistanyň sporta durnukly ösüşi üpjün etmegiň, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde garamagyny goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biz Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna bu Oýunlara gatnaşmaga bosgunlaryň toparlarynyň çagyrylandygy üçin hoşallyk bildirýäris. Bu çözgüt 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň “hiç kim unudylmaly däldir” diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçirilişiniň alamaty bolup, durmuşyň ähli ulgamlarynda inklýuwizligiň – umumylygyň, islendik adamyň herekete gatnaşyjylaryň hataryna girmek mümkinçiligini üpjün etmegiň zerurdygynyň aýratyn nygtalmagy bolup durýar.
Sözümiň soňunda, Türkmenistanyň Hökümetine BMG-niň Türkmenistandaky maksatnamalaryna berýän hemişelik goldawy üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň resmi wekiliýetine BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň çäklerindäki üstünlikli işlemeklerini arzuw edýärin.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena PANOWA