2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda halkara mediaforumy geçirildi.
Forumyň işine 100-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň arasynda ýurduň akademiki toparlarynyň ýolbaşçylary we habar beriş agentlikleriniň baş redaktorlary, degişli halkara guramalaryň we birleşikleriň wekilleri, milli hususy habar beriş agentlikleriň habarçylary, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak we olary şöhlelendirmek üçin Türkmenistana gelen daşary ýurt habar beriş agentlikleriniň we teleýaýlymlarynyň 50-den gowrak wekili gatnaşdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy Ş.Şiriýew forumyň işini açyk diýip yglan etmek bilen, täze “akylly” şäheriň innowasion taraplaryny beýan etdi. Durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we innowasiýa çözgütleri babatynda 20-den gowrak şahadatnamalar we baýraklar bilen sylaglanan bu örän iri taslamanyň biziň ýurdumyz üçin ähmiýetini belläp, Arkadag şäheriniň ekologiki taýdan arassa we ýaşaýyş üçin amatly innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşyny aýdyň görkezýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, bu öňdebaryjy täzeçillik diňe bir Türkmenistan üçin yzygider ösüş bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebit üçin täze başlangyç bolup durýar.
"Arkadag şäheri - sebitde ilkinji “akylly” şäher" atly mejlisiň çäginde Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň baş sekretary Ilýas Demirjiniň, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň prorektory Aýmyrat Muhammedowyň, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-HABITAT) bilermeni Fundaro Salwatoreniň, Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy Robert Fransewiň çykyşlary diňlendi. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen, “akylly şäher” düşünjesi esasynda gurlan Arkadag şäheriniň häzirkizaman şähergurluşyk we meýilleşdiriş medeniýetiniň nusgasy bolmak bilen, şäher durmuşyny guramakda täze tehnologiýalaryň iň köp ulanylmagyna gönükdirilendigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde ulag hereketlerinden başlap ekologiýa meseleleri bilen bagly işleriň amala aşyrylyşy baradaky maglumatlary toplamak ulgamlaryny öz içine alýan bitewi “akylly” tor döredilen.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, iň uly milli taslamalaryň biriniň durmuşa geçirilmeginiň diňe sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň oýlanyşykly utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolman, eýsem, BMG-niň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi Habitat-III konferensiýasynda tassyklanan "Täze şäher gün tertibi" düşünjesiniň amala aşyrylmagydyr. Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şertleri döretmek nukdaýnazaryndan, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi amala aşyrmak ugrunda, hususan-da, ýaşaýyş taýdan durnukly, inklýuziw şäherleri döretmek babatynda möhüm ädimleriň ädilýändigi bellendi.
Soňra "Innowasiýa şähergurluşygy ulgamynda ekologiki medeniýetiň emele gelmegi" atly mejlisiň dowamynda Ählumumy “ýaşyl” ösüş institutynyň Merkezi Aziýa boýunça maksatnama ösüş hünärmeni Oýunçimeg Amartuwşin, “Business Central Asia” žurnalynyň baş redaktory Inderwih Singh, “Diplomatic World” institutynyň we žurnalynyň esaslandyryjysy we baş direktory Barbara Ditrih, şeýle-de «Большая Азия» teleýaýlymynyň baş direktory Aleksandr Lebedew çykyş etdiler.
Halkara guramalaryň we habar beriş agentlikleriniň wekilleri täze şäheriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň meýilleşdiriliş tapgyrynda inklýuziwlilik we deňlik, köpdürlilik we medeni miras, saglyk we abadançylyk, howpsuzlyk we goraglylyk, bilim we okatmak ýaly ugurlary öz içine alýan durnukly şäher ösüşiniň durmuş taraplary göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellediler.
Şäher meýilleşdirilişinde ekologiýa gün tertibini ileri tutmak we wajyp ugurlaryň hatarynda öňe sürmek bilen, desgalaryň gurluşygynda ekologiki tadan arassa öňümleriň ulanylandygy nygtaldy. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky şahadatnamasynyň gowşurylmagy bu babatda goýlan wezipeleriň netijeli çözgüdiniň aýdyň mysaly bolup durýar.
“Sagdyn şäherler” ilerledilýän paradigmasynda Arkadag şäheriniň ähmiýete eýe bolmagy” atly mejlisde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumat merkeziniň ýolbaşçysy Ogulmähri Geldiýewa, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyň prorektory Gülşat Ýusupowa we "MIR-24" teleýaýlymynyň maglumat gullugynyň ýolbaşçysy Irina Flýur çykyş etdiler.
Mejlise gatnaşyjylaryň pikirine görä, ýurtda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagynyň özi, adamlaryň sagdyn durmuşy üçin peýdaly we amatly şertleri döretmek maksady bilen, ekologiýa meselelerini çözmek we şähergurluşyk taslamalaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça Türkmenistan öňdebaryjy orny eýeleýär.
Çykyşlarda täsin tebigy gurşaw we arassa howa bilen bilelikde birnäçe sport desgalarynyň we lukmançylyk merkezleriniň bolmagy döwlet tarapyndan ýetişip gelýän nesil we onuň saglygyny goramak baradaky edilýän aladanyň subutnamasydygy barada hem nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, çykyşlarda bellenilişi ýaly, munuň özi ýöriteleşdirilen desgalaryň toplumyny özünde birleşdirýän çagalar şäherçesi bolup durýar. Ilatyň saglygyny goramak meselelerine toplumlaýyn çemeleşilmegi türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini görkezýändigi barada hem nygtaldy.
Forumyň ahyrynda özara maslahatlaşmalary jemlemek hem-de “akylly, durnukly we ekologiýa taýdan arassa şäherler” düşünjesini mundan beýläk-de ösdürmek we durmuşa geçirmek ugrundaky hyzmatdaşlyk baradaky pikirler bilen paýlaşmak üçin metbugat-çykyşlar guraldy.