icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 iýul 2023

5043

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň mejlise hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hindistan Respublikasy başlyklyk edýär. Sammitiň mowzugy - “Howpsuz ŞHG ýolunda” (Towards a SECURE SCO).

Duşuşyga ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlary gatnaşdylar. Sammite synçy döwletleriň Liderleri hökmünde Eýranyň, Belarusuň we Mongoliýanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Şeýle hem mejlise bu guramanyň hemişelik hereket edýän iki edarasynyň, birnäçe halkara we sebit düzümleriniň ýolbaşçylary goşuldylar.

Hindistanyň Hökümetiniň Başlygy ýygnananlary mähirli mübärekläp, sammite gatnaşyjylara söz berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşýan döwletleriň Baştutanlaryna, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna we agzalaryna ýüzlenip, Premýer-ministr Narendra Modä şu möhüm mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystan Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklygy kabul etmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, dostlukly ýurduň ŞHG-de başlyklyk etjek döwründe ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisini Eýran Yslam Respublikasynyň ŞHG-ä agzalyga kabul edilmegi, Prezident Aleksandr Lukaşenkony bolsa, Belarus Respublikasynyň gurama doly hukukly agza döwletiň derejesini almagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlap, olara täze görnüşdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu foruma gatnaşmagy Türkmenistana, onuň alyp barýan netijeli daşary syýasatyna bildirilýän uly hormatyň nyşanydyr, özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine düşünişmegiň hem-de olary durmuşa geçirmäge taýýarlygyň subutnamasydyr.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, bu gurama bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, dünýä we sebit işlerine ýurdumyzyň gatnaşmagynyň umumy ugry bilen utgaşýandygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna Türkmenistanyň uly gyzyklanma bilen garaýandygy, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýändigi aýdyldy.

Nygtalyşy ýaly, diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.

Birinjiden, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak; ikinjiden, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmek; üçünjiden, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmekdir. Gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Dördünjiden, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi.

Bäşinjiden, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanýan taraplara teklip etdi.

Ýokarda bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle geňeşmeleriň biziň şertlerimize we zerurlyklarymyza oňat baha bermäge, şonuň esasynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alýarys diýip, döwlet Baştutanymyz beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky çärelerini kesgitledi.

Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi Türkmenistan - Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hem ulanylyp bilner we hyzmatdaşlyga yzygiderlilik häsiýetini berer, şeýle-de medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilner diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredilýändigini belledi. Şeýle çemeleşme asyrlara uzap gidýän ruhy we medeni gatnaşyklara esaslanýar, biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp, özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýetilen derejesine ýokary baha berdi.

Hindistanyň Premýer-ministri çuň many-mazmunly çykyşy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, ŞHG-niň çäklerinde giň ugurlar boýunça Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar guramanyň ýurtlarynyň arasynda döwlet özygtyýarlylygyna, milli gymmatlyklara hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak esasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti baradaky pikiri biragyzdan beýan etdiler.

Sammitiň jemleri boýunça Nýu-Deli Jarnamasy we beýleki birnäçe resminamalar kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi