2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berip, bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamany durmuşa geçirmekde ilkinji ädim bolup durýandygyny belledi.
Şol gün agşam Olimpiýa şäherçesinde gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy, oňa V Aziadanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýygyndy toparlarynyň tälimçileri we agzalary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Bu çäre Olimpiýa şäherjiginiň meýdançasynda aýdym-sazyň owazynyň astynda ýüzlerçe myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirildi, olaryň hatarynda “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylar hem bar. Ol köpöwüşginli tomaşa öwrüldi, dabarada dürli medeniýetleriň wekilleri köpçülige belent ynsanperwerlik taglymlaryny getirmek ýaly asylly maksatlar üçin jebisleşdiler.
Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekdir we olaryň hatarynda ynsanperwer ugurly halkara düzümleri bilen gatnaşyklar aýratyn orun eýeleýär. Şu günler BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy maslahaty geçirilýän Ženewa şäherinde 15-nji sentýabrda Jarnamanyň biragyzdan kabul edilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleriniň biridir. “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygyň we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamany kabul etmek başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.
Jogap çykyşynda bosgunlaryň ýygyndy toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa V Aziada gatnaşmaga döredilen mümkinçilik, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygyň we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnama üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ady rowaýata öwrülen türgeniň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň başlangyjy bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge täze itergi berer, sebäbi esasynda hormat we ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri duran sport parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýär.
—Islendik adam bosgun bolup biler. V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagymyz biziň bosgunlar bolup durýandygymyza garamazdan, biziň hem bu oýunlaryň bir bölegi bolup biljekdigimizi tassyklaýar. Bu ýaryşlara gatnaşmak bilen biz bosgunlaryň hem adamlar bolup durýandygy hem-de şunuň ýaly halkara ýaryşlaryna gatnaşmak hukugyna eýe bolup durýandygy baradaky pikiri beýan etmek isleýäris.
Milli Liderimiziň “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly, her bir adamyň, şol sanda dürli ýagdaýlar sebäpli öz ýurdunyň baýdagynyň astynda çykyş etmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň hem halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga hukugy bardyr.
Şunuň bilen baglylykda, “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygyň we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň esasy wezipeleriniň biri — bosgunlaryň meselelerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hem-de çylşyrymly ýagdaýlary parahatçylykly ýol bilen çözmek mümkinçiligini iş ýüzünde, oňyn mysalda subut etmek bolup durýar.
Dünýä sporty döwletara hyzmatdaşlygynyň we özara düşünişmegiň sütünleriniň biri hökmünde bosgunlara diňe bir sport başarnyklaryny mynasyp görkezmäge däl-de, sport meýdançasyny öz ata watanynda parahatçylygyň berjaý edilmegine çagyrýan syýasy çykyş üçin hem peýdalanmaga mümkinçilik berýär.