2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ýokary depgine eýedigini belledi. Şunda, bu gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýokary we iň ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriniň yzygiderli geçirilmeginiň täsir edýändigi nygtaldy.
Şeýle-de, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli ýola goýulandygy bellenilip, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” formatynda dialogyň işine aýratyn üns çekildi.
Taraplar “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” formatyndaky dialogyň çäklerinde Döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň gurnalmagy bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň bu ýokary derejeli Forumyň geçirilmegini goldaýandygyny belledi.
Taraplar durnukly we uzakmöhletleýin hasiýete eýe bolan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns çekdiler. Şeýle hyzmatdaşlygyň ösüşini görkezýän möhüm görkezijiler bolup, energetika we gaz-himiýa pudaklarynda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar çykyş edýär.
Şeýle-de, gepleşiklerde energetika, senagat, maýa goýum, medeniýet, ylym-bilim hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçilikleri hem kesgitlenildi.