icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

28 mart 2024

3858

Gadymy Änew medeniýeti - adamzadyň gymmatly mirasy

2024-nji ýylyň 27-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy.

Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisiniň jemleri boýunça biragyzdan kabul edilipdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy.

Myhmansöýer türkmen topragynda bolmagynyň çäklerinde köp sanly daşary ýurtly myhmanlar şu ýyl Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatyň öň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdylar hem-de açyk asmanyň astyndaky ýadygärliklere - gadymy Änew galasyna we gaýtalanmajak bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, «Gözellik öýi» diýlip atlandyrylýan meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda çapdan çykan «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny hut şu gadymy medeniýete bagyşlady.

Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine beslenýän hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi esasynda «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda türkmen halkyna ajaýyp sowgat boldy.

Umumy mejlisiň çäklerinde ýygnananlar ady rowaýata öwrülen Rafael Pampelliniň çowlugy Luiza Pampelliniň ýatlamalaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Bu alymyň zähmeti netijesinde Änew medeniýeti dünýäde meşhurlyga eýe boldy we ylmy adalgalaryň sözlügine hemişelik girdi.

1904-nji ýylda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda üsti açylan täze açyş şol döwür üçin haýran galdyryjy waka öwrüldi. Arheologiýa ylmynyň ösüşine uly goşant goşan bu barlaglar häzirki günde-de adamzadyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Änew depeleri adamzat ýaşaýşynyň birnäçe gatlaklaryndan ybaratdyr. Olaryň her biri döwrüniň täsin aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Änewiň ak bugdaýyň gadymy watanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň galyndylarynyň ýüze çykarylmagy haýran galdyryjy waka boldy.

Halkara türki akademiýasynyň ýolbaşçysy Şahin Mustafaýew, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň prezidenti Aktoty Raimkulowa, «Koreýa Respublikasy - Merkezi Aziýa» dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Li Ok Rýon we beýlekiler myhmansöýer garşylanandyklary hem-de şu gezekki çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Bu çäreler diňe bir türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň wagyz edilmegine goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, türki dilli halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda-da uly ähmiýete eýedir.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahatyň işi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Änew medeniýetini öwrenmek hem-de dünýä wagyz etmek», «Änewiň gadymy we orta asyrlar medeniýeti» atly iki bölümde dowam etdi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu irki ekerançylyk medeniýetiniň ýadygärlikleriniň öwrenilmegi XIX asyryň ahyrlarynda başlandy. 1886-njy ýylda Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçysy general A.W.Komarow Änew galasyndan uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän iki sany beýik depä üns beripdir.

Änew medeniýetiniň üstüniň açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe bolupdyr.

1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda we 2000-nji ýyllaryň başlarynda Änewiň demirgazyk depesindäki arheologik gazuw-agtaryş işlerini belli arheolog Frederik Hibertiň ýolbaşçylygyndaky türkmen-amerikan ylmy-barlag topary alyp bardy.

Şu gezekki maslahatyň hormatly myhmany bolmak bilen, alym Änewde alyp baran gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda professor Rafael Pampelliniň barlaglarynyň ylmy nukdaýnazardan aýratyn möhüm ähmiýetini belläp, ýakynda Änewde we Merkezi Köpetdagda geçirilen arheologik işleriň Ahal sebitiniň Ýewraziýa giňişligindäki ösen gadymy medeniýetleriň wajyp merkezi bolandygyny ýene bir gezek doly tassyklandygyny aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Natalýa Solowýowa, öz gezeginde, Türkmenistanyň çäginiň gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň dörän möhüm ojagy bolandygyny belledi. Bu ýerde dürli medeniýetleriň özara alyşmasy bolup geçipdir.

Rus we türkmen hünärmenleriniň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleri diňe bir arheologiýa ylmynyň üstünliklere eýe bolmagyna ýardam etmän, eýsem, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem goşant goşar.

Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň medeni mirasynyň obýektleriniň ýokary ähmiýete eýediginiň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Umumy pikire görä, Türkmenistanyň ajaýyp arheologik ýadygärlikleriniň biri bolmak bilen, Änew sebitiň gadymy medeniýetiniň subutnamasy hökmünde goralyp saklanylmalydyr.

2005-nji ýylyň iýulynda alymlar tarapyndan subut edilen suwarymly ekerançylygyň gadymy ojagynyň ýerleşýän ýerinde Milli «Ak bugdaý» muzeýi açyldy.

Türkmen topragynda ýedi müň ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen, 1904-nji ýylda Rafael Pampelliniň ylmy gözlegleriniň dowamynda tapylan bugdaý däneleri muzeýiň iň möhüm gymmatlygy bolup durýar.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýene bir maslahat guraldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän çägi asyrlaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň söwda ýollarynyň, medeni däp-dessurlarynyň kesişýän, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezi, görnükli alymlary, akyldarlary we şahyrlary dünýä getiren künjek bolupdyr.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyz däp bolan medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmak ýaly jogapkärli wezipäni durmuşa geçirmekde uly tagalla edýär.

Ilkinji nobatda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatynyň kemala getirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda baý taryhy-medeni mirasymyzyň düýpli öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda uly işler alnyp barylýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi munuň nobatdaky güwäsidir.

Maslahata gatnaşyjylar diňe bir şöhratly taryhy bilen däl, eýsem, ajaýyp keşbi bilen hem özüne çekýän Änewiň häzirki zaman ösüşine haýran galandyklaryny aýtdylar.

Maslahatda edilen ähli çykyşlar ýörite ýygyndyda çap edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi