2024-nji ýylyň 16-njy maýynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň, halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden hem-de milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara işjeň girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.
Mejlisiň açylyş dabarasynda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynda wagtlaýyn başlyklyk etmek ygtyýarlygy Azerbaýjan Respublikasyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna geçirildi.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, ÝUNESKO-nyň sebitleýin edarasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Piriç mejlise gatnaşyjylaryň ählisini mübärekläp, bu çäräniň türki halklaryň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklaryny gorap saklamakda hem-de tutuş dünýäde wagyz etmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdiler.
Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň başlangyçlaryna hem-de gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak we wagyz etmek, Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak, ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlary barada aýdyldy.
Soňra TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri baradaky maslahatlaşmalara badalga berildi. Mejlisde medeni mirasyň nusgalaryny kesgitlemek we goramak boýunça milli toparlaryň her ýylda geçirilýän mejlisleriniň sanynyň artdyrylmagynyň onuň işini has-da netijeli häsiýetli etjekdigine ynam bildirildi.
Forumyň işi okuw maslahatlarynyň dördüsiniň çäklerinde dowam etdi. Olarda ÝUNESKO-nyň durmuşa geçirýän maksatnamalarynyňdyr taslamalarynyň ýurdumyz tarapyndan goldanylmagy, bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň, maddy däl medeni mirasynyň goralyşy, bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşylyp, gatnaşyjylaryň bu ugurlardaky teklipleri we hödürnamalary diňlenildi.
Okuw maslahatlarynyň barşynda oňa gatnaşyjylara Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy türkmen şäherleriniň arasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri degişli sanawa goşmak boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berildi.
Ýygnananlar forumyň guramaçylygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ÝUNESKO-nyň çäklerindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, medeni mirasyň häzirki ýagdaýy, geljekde ýerine ýetirilmeli bilelikdäki işler bilen baglanyşykly wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň ahyrynda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň Jemleýji resminamasy kabul edilip, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk mälim edildi.