icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

17 iýul 2024

4182

Türkmenistanyň DIM-nde Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory Samuel Tanyň arasynda duşuşyk geçirildi

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna deglip geçildi.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi