2017-nji ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda UNFPA-nyň “2017-nji ýylda dünýäniň ilaty” Ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasy tarapyndan guralan bu çärä ýurdumyzyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Milli bilim institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Ýelena Panowa duşuşyga gatnaşyjylara aýdan gutlag sözünde UNFPA-nyň strategik ugrunyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, hususan-da, adamyň saglygynyň we abadançylygynyň saklanmagyna, gender deňliginiň ösdürilmegine, şol bir wagtda zenanlaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň durmuş derejesiniň gowulanmagyna goldaw bermäge gönükdirilendigini aýtdy.
Halkymyzyň bähbidiniň goralmagynyň, onuň hukuklarynyň we erkinlikleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň yzygiderli alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary arkaly tassyklanan “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” we “Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň milli we sebit maksatnamalary hem-de BMG-niň halkara-hukuk resminamalarynyň esasynda kabul edilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça hereketleriň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ýörüteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär.
Çaga dogurmaga bolan goldawy we bu ugurdaky tejribäni, oňa degişli ylmyň esasy ugurlaryny, akuşerçilik, perinatologiýa, yzygiderli terapiýa, täze dünýä inenleriň saglygy, lukmançylyk genetikasy, anyklaýyş we geňeş hyzmatlary, çaga kesellerini bejermek we beýleki köp ugurlary öz içine alýan “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkezleriň ählumumy ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellemeli.
Duşuşygyň ahyrynda UNFPA-nyň gender mowzugy bilen bagly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň iň gowy işleri boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu ýerde bäsleşikde tapawutlanan işler görkezildi.