2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Marek Salkanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar halkara guramalaryň çäginde syýasy gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-polşa hökümetara toparynyň guramaçylyk meselelerine garadylar. Ulag we infrastruktura çygyrlarynda gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanmalaryny belläp, Ilçi olary geljekde ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi.
Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler we bilelikde çareleri gurnamak boýunça birnäçe teklipleri aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda ýurtlaryň uzakmöhletleýin gyzyklanmalaryna gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ýokary derejä çykarmagyň zerurlygyny belläp, ýokary derejedäki saparlary gurnamakda gyzyklanmalaryny aýtdylar.