2018-nji ýylyň 3-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy. “Deňiz” myhmanhanasynyň maslahatlar merkezinde geçen duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP), Halkara awtomobil ulaglar birleşiginiň (IRU) we başga-da birnäçe halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibine sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, bu möhüm ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizilen forum Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň – Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň 70-den gowragyny özünde jemledi. Wekiliýetleriň düzüminde ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şol sanda ulag, aragatnaşyk, Daşary işler ministrliginiň, täjirçilik, senagat, maýa goýum we ösüş, gümrük hem-de migrasiýa gulluklarynyň, ýöriteleşdirilen agentlikeleriň, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglary ulgamlarynyň kärhanalyrynyň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.
Ulag geçelgeleriniň eýeleýän wajyp ornuny nazara alanyňda, häzirki döwürde bu mesele Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gün tertibiniň möhüm ugry bolup durýar. Onuň wezipezi sebitiň ykdysady ösüşiniň oňyn şertlerini döretmek, onuň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna yzygiderli goşulmagy, medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky yzygiderli halkara hyzmatdaşlygy ýaly ugurlardan ybarat bolup durýar.
«2017-2025-nji ýyllarda YHG-nyň geljekgi ugurlary» (ECO Vision 2025) maksatnamasy hut şu ugra gönükdirilendir. Onuň çäklerinde YHG-na agza ýurtlar ykdysadyýet, söwda, ulag, aragatnaşyk, energetika, syýahatçylyk, durmuş üpjünçiligi we daşgy gurşaw ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamaga we ony durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler.
Duşuşygyň dowamynda ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň demir ýol, awtomobil, deňiz ulaglary, raýat awiasiýasy boýunça ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak babatda sebitleýin bazaryň ösüşiniň dürli ugurlaryna seredildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda sebitleýin gatnaşyklara iş ýüzünde itergi bermek maksady bilen, utgaşykly ulag syýasatyny alyp barmagyň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem kanunçylygyň we tölegleriň utgaşyklygy, gümrük, wiza we beýleki çäreleri ýuwaş-ýuwaşdan ýeňilleşdirmek bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä çykalgasy bolan Merkezi Aziýa üçin Modal ýol döretmek, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesini gurmak, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça başlangyçlary goldap çykyş eden taslamalarynyň möhümdigi bellenildi.
YHG ýurtlarynda maglumat we telekommunikasion tehnologiýalaryny, giň zolakly, ýokary tizlikli Interneti ösdürmek, bu ugurda hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek täsirli pikir alyşmalaryň mowzugy boldy.
Mejlisiň jemlerini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar bolup geçen netijeli işewür duşuşyklar ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlardaky gatnaşyklary YHG-nyň çäklerinde mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berer diýen pikire geldiler.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX duşuşygynyň jemleri boýunça degişli resminama kabul edildi.