Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply işinde möhüm waka bolup durýar. Ol gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly möçberli amala aşyrmakda, ähmiýetli halkara maslahatlaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar babatda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça agza döwletleriň öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirmeginde möhüm tapgyr bolar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alar. Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ugry ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşinde, ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşinde, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komiteti, BMG-niň Ösüş maksadynda ylym we tehnika boýunça komissiýasy, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasy, BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesinde agza bolmagy bilen kesgitlener. Şu mejlisiň barşynda ýurdumyz Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä we sebit meseleleri babatda halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işini dowam eder.
Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny we beýleki ýaraglaryň görnüşlerini ýaýratmazlyk, terrorçylyk, ekstremizm, neşeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny halkara bileleşigiň işinde ileri tutulýan ugurlar hasaplaýar.
Soňky dünýä wakalarynyň seljerilmegi geosyýasy ýagdaýlaryň düýpli özgerendigine şaýatlyk edýär. Howpsuzlygyň sebit we halkara ulgamlarynyň durnuklylygynyň we netijeliliginiň peselme meýli güýçlendi. Türkmenistan parahatçylyk we howpsuzlyk, birek-biregi hormatlamak hem-de içerki işlere goşulyşmazlyk üçin deň derejedäki jogapkärçiligiň ýörelgeleriniň esasynda parahatçylykly we netijeli gepleşikleriň döwletleriň arasyndaky ähli jedelleri kadalaşdyrmak üçin esas bolmaly diýip hasaplady we hasaplaýar.
Umuman, biz häzir howpsuzlygyň konsepsiýasyna täzeden düýpli seretmek zerurlygynyň ýakynlaşandygyna ynanýarys. Şol bir wagtda aýry-aýry sebitlerde we tutuş dünýäde durnuklylygyň daýanjy bolmaga ukyply, eýýäm kemala gelýän ylalaşdyryjy we ösüş merkezlerini döretmegi höweslendirmek möhümdir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi teklip edýär.
BMG-niň ýaragsyzlanmak babatda esasy halkara şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistan geljekde hem bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam etmegi göz öňünde tutýar. Türkmenistan ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hem-de dünýäde ýaýratmazlygy, ýaragsyzlanmagy hem-de ýadro howpsuzlygyny üpjün etmegiň täsirli gurallarynyň biri hökmünde bu şertnamanyň werifikasion guralyny berkitmek hakynda şertnamany tiz güýje girizmek ugrunda çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça ýokary derejedäki maslahaty çagyrmak hakynda meselä seretmek teklip edilýär. Şeýle maslahatyň geçirilmegi, biziň pikirimize görä, sebitde ýaraglara gözegçilik etmek we çäklendirmek, umuman, sebitde howpsuzlyk we durnuklylyk ulgamyny üpjün etmek we berkitmek babatda dürli çemeleşmeleri görkezmekde we ýakynlaşdyrmakda möhüm ädim bolup hyzmat eder.
Türkmenistanyň tagallalary terrorçylyga hem-de neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek meselelerinde özara gatnaşyklary utgaşdyrmakda netijeli gurallary gözläp tapmak boýunça bilelikdäki işlere gönükdirilendir. Bu işde esasy orun Birleşen Milletler Guramasyna degişli bolmalydyr. Diňe BMG-niň Tertipnamasyny, Howpsuzlyk Geňeşiniň kararnamalaryny, halkara hukugyň degişli ýörelgelerini we kadalaryny berjaý etmegiň esasynda tutuş dünýä bileleşiginiň hereketleri ählumumy terrorçylyk howpuna jogap berip biler.
Türkmenistan BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny amala aşyrmak meselelerinde BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirligi bilen hyzmatdaşlygyň işjeň ugruny ýöredýär. Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2011-nji ýylyň Aşgabat Jarnamasy hem-de hereketleriň meýilnamasy terrorçylyk howpuny serpikdirmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmekde ähmiýetli goşant boldy.
Bilelikdäki meýilnamanyň ileri tutulýan ugurlary BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirilen Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli maslahatyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleri hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň hem-de Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny amala aşyrmagyň üçünji tapgyry bilen tanyşdyrmak çäresiniň geçirilendigini bellemek möhümdir.
Neşeleriň bikanun dolanyşygy düýpli ynjalyksyzlyk döretmegini dowam edip, halkara parahatçylyga we howpsuzlyga wehim salýan howplaryň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirligi bilen netijeli we maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy saklaýar. Onuň çäklerinde milli we sebit derejelerinde giň gerimli maksatnamalar we taslamalar amala aşyryldy we durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Türkmenistan neşelere garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşmak maksady bilen 2020 — 2023-nji ýyllar üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasyna agza bolmak ugrunda çykyş eder.
Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy has-da berkitmek halkara giňişlikde Türkmenistanyň işiniň ileri tutulýan ugry bolar. 2015-nji ýylyň sentýabryndan başlap, Türkmenistan BMG bilen bilelikde bu ugurda toplumlaýyn we netijeli işleri geçirmek bilen, Durnukly ösüşiň maksatlaryny ornaşdyrmak boýunça milli guraly, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw-usulyýet merkezini döretdi. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wezipelerini ornaşdyrmak işinde gazanan netijelerini 2019-njy ýylda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumyň işiniň barşynda Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça milli meýletin syn görnüşinde hödürlemegi göz öňünde tutýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň barşynda türkmen diplomatiýasynyň işinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn orun berler. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek hem-de täze ugurlary döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalar 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Beýik Ýüpek ýoly — ösüşiň täze sepgitlerine tarap” atly halkara maslahatyň işiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maslahat 2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen Ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň dowamyna öwrüldi hem-de onda beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegi ugur edindi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag ulgamy boýunça birnäçe kararnamalarynyň başyny başlaýjy hökmünde hem-de BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşine hem-de BMG-niň içerki ulag ulgamy boýunça Ýewropa Ykdysady Toparynyň Komitetiniň Burosyna agzalygyny peýdalanmak bilen ulag ulgamynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde işleri dowam etdirer.
Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, energiýa serişdelerine durnukly we adalatly elýeterliligi üpjün etmekden ybaratdyr.
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystany, şol sanda ösüş ulgamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lazurit”) üstaşyr, söwda we ulag geçelgesi hakyndaky Ylalaşyk, Türkmenistandan Owganystana çenli demir ýoluň gurluşygy ýaly sebitleýin başlangyçlary halkara derejede goldamak meselelerinde BMG-ä agza döwletleriň tagallalaryny mundan beýläk-de jebisleşdirmäge gönükdirilen kararnamalary goldaýar.
Türkmenistan görkezilen transmilli taslamalary amala aşyrmagy goldamakda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça zerur maliýe-ykdysady, maýa goýum we guramaçylyk şertlerini mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmak boýunça meýdança bermäge taýýar.
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynyň, Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynyň hem-de Koreýa Respublikasynda bolan VII Bütindünýä suw maslahatynyň kararlaryny durmuşa geçirmekde maksada okgunly işleri alyp barýar.
Daşky gurşawy goramak ulgamynda döwletleriň ýakyn geljek üçin syýasaty we strategiýasy tebigy serişdelere aýawly garalan halatynda ykdysady we durmuş meselelerini toplumlaýyn çözmäge esaslanýan ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikdäki işi Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyny taýýarlamaga , Merkezi Aziýany durnukly ösdürmek üçin daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň Sebitleýin maksatnamasyny kämilleşdirmäge, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi gazanmak üçin daşky gurşawy goramak hakyndaky Çarçuwaly konwensiýany tassyklamak we güýje girizmek işini çaltlandyrmaga, ilatyň oňat hilli agyz suwuna we sanitariýa elýeterliligini, sagaldyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem häzirki wagtda Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak boýunça iş alnyp barylýar.
Hut häzirki mejlisiň işiniň barşynda BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Departamentiniň, BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasynyň, ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri bilen iş salyşýan hyzmatdaş guramalaryň goldamagynda Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek hakynda kararnamanyň taslamasyny taýýarlamagy we bu ähmiýetli resminama boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary hem-de BMG-niň ulgamyndaky ähli gyzyklanýan guramalaryň degişli gepleşiklerini geçirmegi wagty ýeten iş hasaplaýarys.
Häzirki zaman döwletinde ýaşlaryň hukuk derejesini kesgitlemek ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Ýaşlar düýpli durmuş-jemgyýetçilik görkezijisi hökmünde çykyş etmek bilen jemgyýetiň we döwletiň geljekki oňyn we innowasion ösüşini kesgitleýärler. Ýaşlar syýasaty halkara derejede hem işjeň ösdürilýär. Munuň özi öň halkara syýasatda göz öňünde tutulmadyk bu jemgyýetçilik-syýasy güýjüň syýasy mümkinçilikleriniň milli derejedäki üstünlikli tejribesiniň ähmiýetli hasaplanylýandygy, esasan hem netijeli syýasy gural bolup durýandygy bilen düşündirilýär.
Häzirki wagtda ýaşlar durmuşyň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýarlar. Dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar diňe bir döwletiň ösüşini däl, eýsem, tutuşlygyna alanyňda, uzak möhletleýin geljegi bolan halkara gatnaşyklary kesgitleýän strategik güýje öwrülýär.
Hut şonuň üçin hem, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykda Türkmenistan ýaşlaryň bähbitlerini goramak ugrunda Ählumumy hyzmatdaşlygy döretmegiň zerurlygy hakyndaky başlangyjy öňe sürýär. Şeýlelikde, Türkmenistan bu başlangyjy durmuşa geçirmek işine Baş sekretaryň ýaşlar boýunça ýörite Wekiliniň diwanyny, ÝUNISEF-i, ÝUNESKO-ny, Ilat gaznasyny we BMG-niň beýleki edaralaryny hem-de ygtyýarlyklaryna halkara derejede ýaşlar syýasatyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek işi girýän halkara guramalary çekmegi maksadalaýyk hasaplaýar.
Türkmenistan şeýle gepleşikleri ilerletmek üçin, hususan-da, ýurdumyzda Halkara ýaşlar maslahatyny kabul etmek üçin meýdança bermäge taýýar. Bu maslahatyň esasy wezipeleriniň biri täze guramanyň gurluşy, düzümi, iş usuly we beýleki guramaçylyk meseleleri bolar.
Ileri tutulýan ugurlary, dürli halkara forumlarda öňe sürülýän başlangyçlary we teklipleri yzygiderli durmuşa geçirmek, Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisiniň barşynda guramanyň ähli agza döwletleri, BMG-niň düzümleri, edaralary, agentlikleri we institutlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýurdumyzyň çemeleşmelerini işläp taýýarlamak kesgitleýji ýörelgeler bolar. Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ysnyşykly halkara gatnaşyklary goldaýar, parahatçylygyň we adalatlylygyň belent maksatlaryny ykrar etmegiň, Birleşen Milletler Guramasynyň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň hatyrasyna bilelikde işleşmäge berk taýýardygyny beýan edýär.