icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 sentýabr 2018

995

«Amul–Hazar 2018» awtoralli ýaryşynyň jemleýji dabarasy geçirildi

2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy – “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Ralliniň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasy Balkan welaýatynyň baş baýdak meýdançasynda geçirildi, bu ýerde podium goýuldy.

Hormatly Prezidentiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilelikde ýaryşyň ýeňijilerine ýörite baýraklary we “Amul–Hazar 2018” ýadygärlik teňňeleriň toplumyny hem-de sowgatlyk türkmen milli lybaslaryny — içmekleri we silkme telpekleri gowşurdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşa gatnaşyjylary hem-de ýeňijileri bu ýaryşyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Garagum sährasynyň gözel künjeklerinden geçip, «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere sportda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Žan-Lui Şlesser ýolbaşçylyk edýän guramasynyň adyndan we hut öz adyndan ralliniň guralmagynda we geçirilmeginde uly goldawy we gatnaşandygy üçin, ýeňijilere gowşurylan Türkmenistan barada ýakymly we ýagşy ýatlamalar bolup galjak ajaýyp sowgatlar üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk sözleri bilen ýüzlendi. Bu gün Awazada biz bu ýaryşlaryň netijelerini jemleýäris, ýaryşyň uly üstünliklerine beslenmegi biz üçin uly hormatdyr diýip, ol aýtdy hem-de milli Liderimize “Africa Eco Race”-iň adyndan ýörite sylagy gowşurdy.

 Soňra “Akhan” atly ahalteke bedewiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakynda şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli ajaýyp gyrat çylşyrymly emeli deňsiz-taýsyz ýerine ýetirmegi netijesinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: ol yzky aýaklarynda 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bu täsin görnüşde ozalky rekordy täzeledi.

Agşam baýramçylyk konserti boldy. Onda türkmen we daşary ýurt estrada artistleri, ýurdumyzyň meşhur tans we halk döredijilik toparlary çykyş etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi