icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

18 fewral 2017

5175

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Dürli-dürli syýasy we ykdysady guramalar peýda bolýar. Täze howplar hem-de wehimler ýüze çykýar. Şeýle şertlerde jogapkärli we oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barmagyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Bu syýasat bitaraplygyň anyk esaslaryna hem-de aýdyň ugurlaryna laýyk gelmelidir, hemişe halkymyzyň taryhy tejribesine daýanmalydyr. Uzak asyrlaryň dowamynda toplan gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we ahlak sütünlerine esaslanmalydyr.

Bitaraplyk, onuň esaslary öňe sürýän garaýyşlarymyzyň binýatlyk ölçeglerine eýermäge bize mümkinçilik berdi. Bu bolsa parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna, garaýyşlaryna we dini ynançlaryna hormat goýmak bolup durýar. Bularyň ählisi hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär. Dürli meselelerde anyk hem-de giň gepleşikleri geçirmäge şert döredýär. Özara kabul edip boljak çözgütleri tapmaga, hyzmatdaşlygyň täze halkara görnüşlerini işjeň ösdürmäge ýardam edýär.

Şoňa görä-de, Türkmenistan ählumumy ösüşiň örän möhüm meseleleri boýunça giň we köptaraply pikir alyşmalaryň ykrar edilen merkezleriniň biriniň ornuny barha berk we esasly eýeleýär. Bu meseleleriň üstünlikli çözülmegi biziň diplomatlarymyzdan hünärini we bilimini yzygiderli ýokarlandyrmagy, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki möhüm maksatlaryna hem-de ileri tutulýan ugurlaryna aýdyň düşünmegi talap edýär.

2023-nji-«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklamak bilen, men bu resminamanyň Bitarap döwletimiziň orta möhlet üçin halkara işiniň mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýändigini bellemek isleýärin. Dünýä we sebit ösüşiniň täze meýillerini hem-de ýagdaýlaryny beýan edýär. Jogapkär döwlet hökmünde biz bu meýiller we ýagdaýlar bilen bagly zerur çäreleri görmelidiris. Öz alyp barýan ugrumyzy hem-de çemeleşmelerimizi aýdyň beýan etmelidiris.

2023-nji-«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzir men daşary syýasatymyzyň ýakyn ýyllar üçin esasy wezipelerini kesgitlejek.

1. Birleşen Milletler Guramasy bilen giňden we köptaraply hyzmatdaşlyk etmek Bitarap döwletimiziň halkara işiniň strategik ugry boldy we şeýle bolmagynda hem galýar. Biz dünýäde ýüze çykýan möhüm halkara meseleler çözülende Birleşen Milletler Guramasynyň hemmetaraplaýyn esasy gural bolup durýandygyny hemişe belläp gelýäris. Öz bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanan we ykrar edilen Türkmenistan minnetdar bolmakdan başga-da, bu Guramanyň öňünde aýratyn jogapkärçilik çekýändigini hem duýýar. Oňa halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak işinde doly ýardam bermäge çalyşýar hem-de hemişe ýardam berer.

2. Bitarap döwletimiz möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmagyny geljekde hem dowam eder. Bu meseleler daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, tebigy we tehnogen häsiýetli betbagtçylyklardan goranmak bolup durýar. Biziň ýurdumyz şu halkara meselelere Birleşen Milletler Guramasynyň has giňden we täsirli çekilmegine ýardam berer.

3. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ekologiýa we suw diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek isleýärin. 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda-Ýurdumyzyň 2016 başlyklyk etmegi göz öňünde tutulanda, bu ugurda degişli Konsepsiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, bu işe anyk häsiýet bermek we ony ahyrky netijeleri gazanmaga gönükdirmek möhümdir.

4. Şundan ugur alyp, energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça Baş Assambleýanyň kabul eden Rezolýusiýalarynyň düzgünlerini anyk hem-de gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin zerur işleri geçirmelidiris. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler, bu Guramanyň Sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy işjeň dowam etmelidiris. Energetika howpsuzlygy babatda we durnukly energetika ulgamynda guramanyň köptaraply halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň işlemegi üçin amatly şertleri döretmelidiris. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmegi kabul edip alýar. Şoňa görä-de, bu ugurda öňde duran işleri ýokary derejede guramaçylykly hem-de many-mazmunly geçirmek zerur bolup durýar.

5. Ulag ulgamy hem Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Şoňa görä-de, ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirmeli. Merkezi Aziýany kontinent ähmiýetli iri üstaşyr geçiriş çatrygyna öwürmek üçin ähli işleri amala aşyrmaly. Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat bu ugurda örän möhüm ähmiýetli halkara derejeli waka boldy. Ulag meselesi boýunça giň halkara gatnaşyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde badalga öwrüldi. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etmelidiris. Aşgabatda kabul edilen jemleýji resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini gazanmalydyrys.

6. Garaşsyz ýurdumyz beýleki halkara we sebit guramalary – Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi bilen gatnaşygy yzygiderli giňelder. Şoňa görä-de, parahatçylygy we howpsuzlygy, ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, anyk halkara işlerini alyp barmak üçin bu guramalaryň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmaly diýip pikir edýärin. Şol bir wagtda, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerindäki işini öz bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasy kadalaryna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürer. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen alyp barýan arkalaşykly işinde hem belli bir derejede ilerleme boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu iri sebit halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkin bolan görnüşleri öwrenilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

7. Ýakyn goňşularymyz bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm ugrudyr. Sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmek we ynanyşmak Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Sebitiň ykdysady we durmuş taýdan depginli ösüşini kesgitleýär. Dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulmaga, maýa goýumlaryny giňden çekmäge mümkinçilik berýär.

 giň-Şoňa görä-de, Türkmenistanyň sebit strategiýasynyň mazmuny  halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we möhüm ösüş meselelerini çözmek üçin, Merkezi Aziýada amatly geosyýasy hem-de ykdysady şertleri döretmäge doly ýardam bermekden ybaratdyr. Şundan ugur alyp, Garaşsyz ýurdumyz sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň ugry boýunça hem anyk maksada gönükdirilen işleri mundan beýläk hem dowam eder.

Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara hormatlamak syýasaty netijesinde, bize Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan we Özbegistan bilen, Merkezi Aziýanyň beýleki  Gyrgyzystan hem-de Täjigistan bilen dostluk, hyzmatdaşlyk-döwletleri  we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ýola goýmak başartdy. Türkmenistan bu ýurtlary, olarda ýaşaýan halklary doganlyk ýurtlar we halklar hasaplaýar. Olar bilen biziň ýurdumyzy geografiýa taýdan ýerleşmegimiz, taryhymyz, medeniýetimiz we däp-dessurlarymyz birleşdirýär. Şoňa görä-de, biz sebitde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkideris. Söwda, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bereris.

Şunuň bilen baglylykda, biz Owganystana aýratyn ähmiýet berýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda bu ýurtda ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy taýdan düzgünleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris. Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine iş ýüzünde kömek bermekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýarys.

8. Biz Hazar deňzi boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem işjeň gatnaşmagy dowam ederis. Soňky ýyllarda Hazar deňzi bilen bagly birnäçe esasy meseleler, şol sanda onuň hukuk ýagdaýyna çemeleşmeleri ylalaşmak boýunça düýpli öňegidişlik gazanyldy. Türkmenistanyň öňe süren we ähli gatnaşyjy döwletleriň makullan, Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklara gol çekildi.

Biz Hazar deňzinde söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalaryň üstünde işlemek baradaky başlangyç bilen hem çykyş etdik. Şoňa görä-de, Hazarýaka ýurtlary bilen şu başlangyçlary goldamak boýunça yzygiderli iş alyp barmaly. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan bu ugurlarynda yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýmaly.

9. Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Russiýa bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk özüniň netijelidigini, iki ýurduň hem düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini subut etdi. Biz Russiýanyň sebitleri bilen göni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdüreris. Bu sebitler türkmen bazaryna barha uly gyzyklanma bildirýärler.

10. Biz Zakawkazýe döwletleri, Ukraina, Belarus Respublikasy, Moldowa Respublikasy bilen gatnaşyklary giňeltmegi dowam ederis. Bu ýurtlar däp bolan hyzmatdaşlarymyz bolup durýar. Olar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hem bu döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikler bar diýip hasap edýärin.

11. Hytaý Halk Respublikasy bilen ýurdumyzy ysnyşykly dostluk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde Hytaý Türkmenistanyň iri daşary söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek özara bähbitli we uzak möhletli esasda ýola goýulýar. Daşary syýasatymyzyň gündogar ugry bilen baglylykda, biz Aziýa—Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki döwletleri bilen gatnaşyklarymyzy hem pugtalandyrarys. Soňky ýyllarda Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklar hyzmatdaşlyk etmäge taraplaryň özara gyzyklanýandygyny, munuň üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny doly tassyklady.

12. Biz Ýewropa ýurtlary, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak ýaly möhüm meselelerde işjeň hyzmatdaşlygy dowam ederis. Täze wehimlere we howplara garşy göreşde, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde netijeli gatnaşyklary alyp bararys.

13. Latyn Amerikasy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hem düýpli öwrenmeli diýip hasap edýärin. Bu sebitiň birnäçe uly döwletleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Şoňa görä-de, dürli halkara çärelerinde bu ýurtlar bilen syýasy taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini işjeň ulanmaly. Olaryň ösýän ýurtlaryň bähbitlerini goramak babatda däp bolan garaýyşlaryndan peýdalanmaly.

14. Biz daşary syýasatymyzyň Afrika ugruny hem işjeň alyp barmalydyrys. Afrika Birleşigi bilen başlan gatnaşyklarymyzy berkitmelidiris hem-de giňeltmelidiris.

15. Halkara maliýe-ykdysady edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek häzirki döwürde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna Türkmenistanyň üstünlikli goşulmagynda örän möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, biz geljekde hem Bütindünýä banky, Halkara Pul gaznasy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky we beýleki iri maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp bararys. Bütindünýä Söwda guramasyna girmegi düzgünleşdirýän amallary öwrenmegi dowam ederis.

16. Däp bolşy ýaly, biz halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Bu hyzmatdaşlygy parahatçylygyň, adamlaryň özara düşünişmeginiň we ýakynlaşmagynyň örän möhüm usuly hasaplaýarys. Türkmenistan medeni taýdan giňden alyşmak, döredijilik wekilleri bilen gatnaşyk etmek üçin açykdyr. Ýurdumyzda her ýyl halkara bäsleşikleri we festiwallary geçirilýär. Şeýle çärelere bütin dünýäden medeniýet we sungat işgärleri, özi-de diňe bir ykrar edilen ussatlar däl-de, eýsem ýaşlar we çagalar hem gatnaşýarlar. Bu çäreler dürli halklaryň we dinleriň wekilleriniň arasynda birek-birege hoşniýetli garamak, dostlaşmak, özara hormatlamak hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berýär.

17. Nesip bolsa, şu ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçireris. Bu bolsa, Aziýanyň Olimpiýa komitetiniň ýurdumyza bildiren uly ynamydyr. Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň, dünýä olimpiýa hereketine, sporty we sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmäge goşan goşandynyň ykrar edilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, bu oýunlaryň başlanmagyna çenli galan döwürde ýurdumyzyň taryhynda örän möhüm bolan bu halkara çäresine görülýän taýýarlyk barada dünýä jemgyýetçiligini habardar etmekde alnyp barylýan işleri güýçlendirmeli. Şu meselede halkymyzyň açyklygyna, özboluşlylygyna, beýleki medeniýetlere hormat goýýandygyna aýratyn ähmiýet bermeli. Dürli ýurtlardan bu çärä gatnaşyjylary hem-de myhmanlary örän ýokary derejede guramaçylykly kabul etmäge taýýardygymyzy habar bermeli. Olaryň ählisini türkmen halkynyň ajaýyp däp-dessurlaryna laýyklykda myhmansöýerlik we göwnaçyklyk bilen garşylamaly.

Men Daşary işler ministrligine Konsepsiýany durmuşa geçirmek, bu resminamada bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işleri üpjün etmegi tabşyrýaryn. Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna öz halkara işleriniň gündelik hem-de geljek üçin meýilnamalary düzülende, şu resminama esaslanmak tabşyrylýar.

Biziň daşary syýasatymyz, haýsy ugurda amala aşyrylsa-da, hemişe sazlaşykly we oýlanyşykly alnyp barylmalydyr. Bir maksada – Türkmenistanyň içerki ösüşi üçin amatly halkara şertlerini döretmäge gönükdirilmelidir. Dünýä giňişliginde Bitarap döwletimiziň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam bermelidir. Ygrarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde onuň abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi