icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»

01 oktýabr 2022

280023

UMUMY MAGLUMATLAR

Türkmenistanda 27-nji sentýabr Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan 155 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Türkmenistan — demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşyň görnüşi – prezident respublikasy. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen (2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Konstitusiýada berkidilen kadalaryň we düzgünleriň göni hereketi bardyr. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlaryň we gaýry hukuk namalarynyň ýuridiki güýji ýokdur.

Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar.

Döwlet dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanunyň öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýry bolup, olar döwletiň işine gatyşyp, döwletiň wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan aýrydyr we dünýewi häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti — Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy bolmak bilen, döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine – Hökümetine baştutanlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet garaşsyzlygynyň we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýanyň, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişiniň we halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň kepili hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek we hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary, Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girýärler.

Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) bir palatadan ybarat bolmak bilen, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Mejlisi 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanýarlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) ýerine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr.

Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler girýärler. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümine ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary bolan beýleki adamlar girizilip bilner.

Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.

MEÝDANY

Türkmenistan– Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup, onuň meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär, ýagny Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km2 deňdir. Onuň günbatardan gündogara 1100 km. we demirgazykdan günorta 650 km. uzaýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy, demirgazyk–gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan Yslam Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär. Şeýle hem günbatarda Hazar deňzi tebigy serhedi bolmak bilen Azerbaýjan Respublikasy bilen hem serhetleşýär.

ILATY

Türkmenistanyň ilaty 7 mln. adamdan gowrakdyr (2022-nji ýylyň dekabry ýagdaýyna görä). Türkmenistan — köp milletli döwletdir. Ýurtda 100-den gowrak milletleriň wekilleri ýaşaýar.

DÖWLET DILI

Türkmen dili—döwlet dili bolup durýar.  Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär. Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini öwrenmeklik üpjün edilen. Bulardan başga-da, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde fransuz, hytaý, nemes, ýapon we beýleki daşary ýurt dilleri öwredilýär.

PUL BIRLIGI

Milli pul birligi 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen manat bolup durýar.

dolandyryş-çäk bölünişigi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir. Aşgabadyň düzümine dört etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplary girýär.

Türkmenistanda Arkadag şäheri, aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilen döwlet ähmiýetli şäherdir. Arkadag şäheriniň düzümine iki etrap — Kärizek we Gorjaw etraplary girýär.

Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär. Türkmenistanda 37 etrap, 7 şäherlerdäki etraplar, 48 şäher, olardan 6-sy etrap hukukly şäher, 70 şäherçe, 461 geňeşlik (oba ýerli düzümler) we 1691 sany oba ilatly ýerlerdir.

Baýramçylyk we hatyra günleri

Şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:

1) Täze ýyl – 1-nji ýanwar;

2) Halkara zenanlar güni – 8-nji mart;

3) Milli bahar baýramy – 21-22-nji mart;

4) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni – 18-nji maý;

5) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – 27-nji sentýabr;

6) Hatyra güni – 6-njy oktýabr;

7) Halkara Bitaraplyk güni – 12-nji dekabr;

8) Gurban baýramy – Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;

9) Oraza baýramy – Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýän dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş günlerine gabat gelse) baýramçylyk we hatyra günleri hem bellenilýär:

1) Watan goragçylarynyň güni – 27-nji ýanwar;

2) Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni – 18-nji fewral;

3) Bütindünýä saglyk güni – 7-nji aprel;

4) Türkmen bedewiniň milli baýramy – aprel aýynyň soňky ýekşenbesi;

5) 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni – 9-njy maý;

6) Aşgabat şäheriniň güni – 25-nji maý;

7) Türkmen halysynyň baýramy – maý aýynyň soňky ýekşenbesi;

8) Çagalary goramagyň halkara güni – 1-nji iýun;

9) Bütindünýä welosiped güni – 3-nji iýun;

10) Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni – 5-nji iýun;

11) Ylymlar güni – 12-nji iýun;

12) Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni – 27-nji iýun;

13) Bilimler we talyp ýaşlar güni – 1-nji sentýabr;

14) Ýaşulularyň halkara güni – 1-nji oktýabr;

15) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni – 10-njy oktýabr;

16) Türkmen alabaýynyň baýramy- oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi;

17) Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni – 3-nji noýabr;

18) Hasyl toýy – noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi;

19) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni – 14-nji dekabr;

20) Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny) ýatlama güni – 21-nji dekabr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi