icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

28 sentýabr 2018

2969

PRESS-RELIZ

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

 

2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň işe başlamagy we onuň ilkinji mejlisini geçirmek baradaky başlangyjy 2017-nji ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň Maslahatynda doly goldandy.

Halk Maslahatynyň birinji Mejlisine Halk Maslahatynyň saýlanan agzalary, döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Tükmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, daşary ýurt döwletlerindäki ilçiler, il içinde tanalýan hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ilatynyň ähli gatlaklarynyň wekilleri hem-de çagyrylan adamlar gatnaşdy.

Halk Maslahatynyň gün tertibinde türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen Türkmenistany gülläp ösmeginiň ygtybarly esasyny goýjak oňyn özgertmeleri yzygiderli amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri goýuldy.  

Tükmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda türkmen halkynyň taryhynda  garaşsyz döwletiň döredilmeginiň we onuň bütin dünýäde giň goldawa eýe bolan hemişelik bitaraplygynyň ägirt uly ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi. Hususan-da, munuň özi dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ýollary açdy hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howpsuzlygy kepillendirýän ylalaşdyryjy merkeze öwrülendi diýip, Türkmenistanyň Lideri aýtdy.

Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde merdana türkmen halky dünýäde özüni parahatçylyk söýüji, dostlukly, gurmagy we döretmegi başarýan    milletdigini aýdyň görkezdi. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk döwrüniň üstünliklerine hem-de taryhy ýeňişlerine buýsanýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz ähli halkymyza, aýratyn-da, hormatly ýaşulularymyza içeri we daşary syýasatymyzy goldaýandyklary, jan-tenimiz bilen guwanýan ata Watanymyzy ösdürmäge işjeň gatnaşýandyklary üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu gün üstünden gadymy kerwen ýollary geçen berkarar Watanymyzda täze taryhymyzyň ýeňişli sahypalarynyň ýazylýandygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň kuwwatly ykdysady ösüşiniň düýpli binýadynyň emele gelendigine hem ünsi çekdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 27 ýylynyň içinde ýurduň ykdysadyýetine goýlan esasy maýa goýumlarynyň möçberi 350 esseden hem köp artdy we 500 milliard manada ýa-da 185 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Munuň 68 göterimi, ýagny 335 milliard manada ýa-da 124 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi. Bu serişdeler bolsa  2600-den hem köp önümçilik-tehniki we medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň kuwwatly industrial senagatynyň ösýändigune  ykdysadyýetiň elektroenergetika, nebit-gaz, ulag-aragatnaşyk, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa, gurluşyk, elektron, ýeňil we azyk senagaty ýaly ileri tutulýan pudaklarynyň netijeli işleri şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany öz çykyşynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, daşary söwdany has-da giňeltmek meseleleri barada aýtmak bilen, dünýädäki çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, jemi içerki önümiň möçberiniň 6,2 göterim artmagynyň doly üpjün ediljekdigini belledi.

Özara bähbitli daşary-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň işjeňleşmegi, işewürlik forumlarynyň we sergileriniň geçirilmegi, onlarça döwletde Söwda öýleriniň açylmagy uly ýardam berýär. Türkmenistanda or­ta we ki­çi hu­su­sy te­le­ke­çi­lik hem yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Hä­zir ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ha­sa­ba al­maz­dan, umu­my içer­ki önü­miň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz bö­le­gi­niň pa­ýy 68 gö­te­ri­me ýet­di. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry içer­ki ba­zar­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge we döw­le­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant goş­ýar­lar, diýip Türkmenisatnyň Prezidenti belledi.

Türkmenistanyň Lideri öz çykyşynyň dowamynda döwlet strategiýasynyň möhüm wezipelerine ünsi çekmek bilen ýurduň ýangyç-energetika, aýratyn hem nebit-gaz we nebit-himiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak wezipelerinde durup geçdi. Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllarda amala aşyrylan giň gerimli maýa goýum taslamalary, hususan-da, Hytaýa we Eýrana täze gaz geçirijileriň gurulmagy, şeýle hem «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli alnyp barylmagy netijeli we tapgyrlaýyn strategiýanyň durmuşa geçirilýänligine şaýatlyk edýär. Bu bolsa, Merkezi Aziýa sebitiniň umumy ýagdaýyna we ösüşine oňyn täsir edýär, ony dünýä ähmiýetli energetika merkezleriniň birine öwürýär, diiýip Türkmenistanyň Prezidenti öz sözünde nygtady.

Ulag ul­ga­mynyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mä­ge, he­re­ket ed­ýän ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge we ola­ryň tä­ze­le­ri­ni dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len mil­li mak­sat­na­ma­lar taý­ýar­lan­dy we üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa ulag ul­ga­my­nyň hal­ka­ra kom­mu­ni­ka­si­ýa üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­na iş­jeň go­şul­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň geog­ra­fi­ýa taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi mul­ti­mo­dal gat­naw­la­ry ut­gaş­dyr­ýan iri lo­gis­tik mer­kez­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy, şeý­le hem Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ut­gaş­dy­ry­lan aw­to­mo­bil, de­mir ýol we de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len, döw­le­ti­mi­ziň we goň­şy ýurt­la­ryň öňün­de giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­dy. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de köpugur­ly döw­re­bap port top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bol­sa Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň çäk­le­rin­den üs­ta­şyr gat­naw­la­ry bir­nä­çe es­se art­dy­ryp, eks­port şert­le­ri­mi­zi has-da ýo­kar­lan­dyr­dy. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň strategiki häsiýetli pudaklary bolan oba hojalyk we agrosenagat ulgamyny özgerdip gurmak we häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek barada düýpli teklipleri öňe sürdi. Aýratyn hem, Türkmenistanda kanunçylyga laýyklykda, ýörite ýer gaznasyny döretmegi hem-de iş toparynyň çözgüdi esasynda ýerleri 99 ýyl möhlet bilen isleg bildirýänlere bermek baradaky teklip uly gyzyklanma bilen garşylandy. Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda milli Liderimiziň dolandyrmagy kämilleşdirmegiň hasabyna oba hojalyk pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmagyň, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygynyň, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary ornaşdyrmagyň bazar ykdysadyýetine geçilýän häzirki döwürde esasy wezipe bolup durýandygy baradaky teklipleri goldaw tapdy.

 Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda kabul edilen resminamanyň ýerine ýetirilmeginiň oňat netijeleri berjekdigine ynam bildirdi we  onuň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky» karara gol çekdi.

Türkmenistan bu günki gün BMG derejesinde ösen ykdysadyýete eýe bolan ýurt hökmünde ykrar edildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda zähmet haklarynyň yzygiderli ýokarlanmagy we girdejileriň artmagy, durmuş üpjünçiliginiň we goraglylygynyň döwlet tarapyndan berk kepillendirilmegi bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri köp esse göterildi. Munuň özi bolsa, bazar ykdysadyýetiniň ýörelgeleriniň has-da ynamly ornaşmagyna, ýaşaýjylaryň hukuklarynyň we jogapkärçilikleriniň berkidilmegine, netijede bolsa “Döwlet – adam üçindir!” diýen milli şygaryň iş ýüzünde amal edilmegine zerur şertleri döretdi. Şunuň bilen baglylyukda, Türkmenistanyň Lideri umumymilli forumda makullamalary göz öňünde tutmak bilen, “Türkmenistanyň ilatyny elektrik energiýasy, gaz, agyz suwy we nahar duzy bilen üpjün etmegi tertipleşdirmek hakyndaky” karara, şeýle hem ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakynda Karara gol çekdŞol bir wagtda, Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda aý­lyk zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry we ta­lyp hak­la­ry­ny (10 gö­te­rim­den az bol­ma­dyk de­re­je­de) ýo­kar­lan­dyr­mak ar­ka­ly ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bol­ma­gyn­da ga­lar diýip nygtady.  Dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň möç­be­ri Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň 75-80% az bol­ma­ly däl­dir diýip milli Lider özüniň bu babatdaky talabyny aýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda medeni mirasy aýawly saklamak we wahyz etmek, sag­ly­gy go­raý­şy ös­dür­mek, ylym we bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri aýratyn orun tutdy.  Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de hä­zir­ki za­man kli­ni­ki we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler bi­na edil­di. Luk­man­çy­lyk we sa­gal­dyş-şy­pa­ha­na ugur­ly dür­li eda­ra­la­ryň dur­ky tä­ze­len­di diýip döwlet Baştutany belledi. Di­ňe soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­myz­da Kar­dio­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi, New­ro­lo­gi­ýa, Mor­fo­lo­gi­ýa hem-de Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­kez­le­ri, Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit­len­mek, Hal­ka­ra okuw-yl­my mer­kez­le­ri, şeý­le hem Hal­ka­ra hi­rur­gi­ýa we en­dok­ri­no­lo­gi­ýa mer­ke­zi açyl­dy. Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy, Türk­me­na­bat şä­he­rin­de köpugur­ly has­sa­ha­na­sy, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de «Awa­za» şy­pa­ha­na­sy, we­la­ýat­lar­da «Tiz kö­mek» mer­kez­le­ri işe gi­ri­zil­di. 

Türkmenistan häzirki zaman halkar sport hyzmatdaşlygynyň mynasyp nusgasyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  ýurduň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň kä­mil sport bin­ýa­dy­na we hal­ky­ň gol­da­wy­na eýe bo­lup, gel­jek­de hem Azi­ýa hem-de to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­di­gi­ne bolan berk ynamyny bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde çagyrmagy teklip edip, degişli Karara gol çekdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi