icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

22 maý 2023

1128

Türkmenistanyň wekiliýeti BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi

Ženewada geçirilýän Bütündünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşmak üçin iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanowyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adan Gebreisus bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda ministr Türkmenistan tarapyndan ilat saglygyny üpjün etmek ulgamynda we bu ugurda alnyp barylýan öňüni alyş çäreler barada habar berdi. Jemgyýetçilik saglygy pudagyndaky bilim meselelerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň irki anyklaýyş çäreleri, şeýle hem sagdyn durmuşyň möhümligi baradaky habarlylygy ýokarlandyrmak babatynda maglumat beriş çäreleri geçirmek ýaly ugurlara aýratyn üns berildi.  

Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy BSGG-niň Baş direktoryny ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatynda kabul edilen Aşgabat jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň aprelinde geçiriljek 3-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

BSGG-niň Baş direktory, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn jemgyýeti gurmak, raýatlar üçin ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk kömegini bermek, giňgerimli sanjym maksatnamalaryny amala aşyrmak, derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň elýeterliligi babatynda, şeýle hem täze maglumat tehnologiýalaryň ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi. Bularyň ählisiniň durnukly ösüş ugrunyň hem-de lukmançylyk hyzmatlary ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellendi. Şeýle hem Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we kämilleşdirmek babatynda alyp barýan işlerinde BSGG tarapyndan goldaw beriljekdigi nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi