Türkmenistanda döwlet tarapyndan ylmyň ösdürilmegine gönükdirilen goldaw yzygiderli ýagdaýda kämilleşdirilýär, çuňňur amaly ylmy barlaglary geçirmek, şeýle hem öňdebaryjy ylmy gözlegler boýunça amala aşyrylýan işleriň gerimini giňeltmek üçin zerur şertler döredilýär. Has täze maglumat-kommunikasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylym edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanda ylmy barlaglaryň derejesini ýokarlandyrmak we netijeliligini artdyrmak, ylmy barlaglaryň ugruny ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň zerurlyklarynyň ylmy taýdan üpjün edilmegine gönükdirmek, has täze tehnologiýalaryň işlenilip düzülmegine aýratyn üns bermek, ylmy barlaglaryň netijeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça ylmyň öňünde anyk wezipe goýuldy. Ylmy-tehnologik we innowasion işleri kämilleşdirmegiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny döretmek üçin Türkmenistanyň degişli Kanunlary kabul edildi, Döwlet maksatnamalary tassyklanyldy.
Ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary, dünýäde ylmy ösdürmekdäki ýagdaýlary göz öňünde tutmak arkaly, Hökümet tarapyndan Türkmenistanda ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi we tassyklanyldy.
Ylmy barlaglar ýurduň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, ministrlikleriň ylmy edaralarynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda maksadaokgunly, ýokary kwalifikasiýaly, taýýarlykly we ylmy taýdan örän ukyply, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işlerin berjaý edilýändigini belleýär.
Zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna we hemmetaraplaýyn höweslendirilmegine gönükdirilen ylmy işleriň her ýyldaky döwlet bäsleşigi hut maksatlaryň amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şunda ylmyň nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasion we kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk we derman senagaty, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ugurlaryna aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanda häzirki döwürde ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanmak arkaly, ýurtdaky ylmy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy halkara tejribä we milli ýörelgelere esaslanýan ylmy işler kämilleşdirilýär. Ylmy barlaglaryň ylmy-nazary we amaly usullary kämilleşdirilýär, halkara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär.
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag institutlary we merkezler hereket edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy gözlegleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler berjaý edilýär.
Türkmenistanda dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýan ylym ulgamy batly depginde kämilleşdirilýär, onuň kanunçylyk we maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary we ýokary kwalifikasiýaly hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurtda ýokary kwalifikasiýaly ylmy işgärleriň taýýarlanylmagyny meýilleşdirmegiň bir umumy mehanizmi döredildi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” ugur edinmek arkaly, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag we ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki we ylmy-taslama merkezlerinde, synag-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça düýpli (fundamental) we amaly ähmiýetli barlaglar geçirilýär.
2020-nji ýylda “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” kabul edildi.
Strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan bu maksatnamalaryň amala aşyrylmagy şu ulgamyň kämilleşdirilmegine badalga berdi hem-de IT-tehnologiýalaryna esaslanýan netijeli, durnukly we özüni ödeýän sanly ylym ulgamynyň düzülmegine, ylmyň hem-de önümçiligiň arasynda ysnyşykly arabaglanyşygyň ýola goýulmagyna, dünýäde toplanan öňdebaryjy tejribä laýyklykda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň dolandyrylmagynyň ylmy taýdan esaslandyrylmagyna mümkinçilik döretdi. Bularyň ählisi ylmy-barlag işleri üçin zerur bolan täze programma üpjünçilikleriniň döredilmeginiň işjeňleşdirilmegine, ýaşlaryň ylym, inžener-tehnologik we telekeçilik işlerine çekilmegine ýardam berýär.
Türkmenistan ylym-bilim bilen bagly işlere dünýä standartlaryny ornaşdyrmak arkaly Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Türkmenistan BMG-niň Ösüşiň maksatlary üçin ylym we tehnika boýunça toparyna iki gezek – 2014–2016-njy ýyllar üçin we soňra 2017–2020-nji ýyllar üçin hem-de Ösüşiň maksatlary üçin ylym we tehnika boýunça toparyna 2021–2024-nji ýyllar üçin saýlandy. Häzirki wagtda döwletimiz 2021–2025-nji ýyllar üçin Durmuşdaky ösüş boýunça toparyň agzasy bolup durýar.
Döwlet tarapyndan goldaw bermegiň gerimi barha giňelýär hem-de ylmyň maddy-tehniki binýady berkidilýär, geljekki ygtybarly ylmy barlaglary, tejribä we synaglara degişli hem-de tehnologik innowasiýalary maliýeleşdirmek gowulandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlara goldaw bermek boýunça gaznasy we Ylmy ösdürmegiň gaznasy işjeň ýagdaýda hereket edýär.
Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de Halkara ylmy-tehnologik parkda ýangyç-energetika we oba senagat toplumlarynyň ösdürilmegine innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini tygşytlamak bilen bagly meseleleri çözmek boýunça işler alnyp barylýar.
Türkmen alymlary energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenmek arkaly, elektrik energiýasyny öndürmegiň täze tehnologiýalaryny döretmek ugrunda işleýärler, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, gazyp almak hem-de ulanmak boýunça tehnologiýalara degişli ylmy barlaglary geçirýärler, ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça synaglary amala aşyrýarlar.
Şunuň bilen birlikde, daşky gurşawy we Hazar deňziniň biologik dürlüligini goramak, onuň tektonikasyny hem-de seýsmiki aktiwligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglar geçirilýär. Munuň özi ýurdumuzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň uglewodorod we beýleki tebigy gorlaryny özleşdirmegiň meýilnamalaryny, ulag-tranzit boýunça amatly mümkinçiliklerini, bu ýerde himiýa
hem-de nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça iri kärhanalaryň, şeýle hem “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda şypahanalaryň hem-de dynç alyş desgalarynyň gurluşygy göz öňünde tutulyp aýdylanda, ylmy-amaly taýdan örän möhüm ähmiýete eýedir.
Ylymlar akademiýasynyň degişli düzümleri “Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmagyň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleri amala aşyrmak dowam etdirilýär.
Ýurdumyzyň alymlarynyň patent alnan “intellektual önümleriniň” sanawy artdyrylýar. Muňa mysal edip, ýerli çig mal esasynda gurluşyk materiallarynyň düzüminiň, gowaçanyň welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan täze orta we inçe sortlarynyň, Garagumuň çägelerini berkitmegiň usullarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny görkezmek bolar.
Ylmyň we innowasion işleriň netijeliligini artdyrmak, dünýäde tehnologiýalary senagata ornaşdyrmak boýunça toplanan tejribäni öwrenmek, işgärleri taýýarlamak maksady bilen, halkara ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk işjeň ýagdaýda kämilleşdirilýär. Häzirki wagta çenli dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada hökümetara, pudagara we ikitaraplaýyn ylalaşyklar baglaşyldy. Halkara hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň arasynda
GDA döwletleri (Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan), Ýewropa Bileleşigine goşulýan ýurtlar (Germaniýa, Italiýa, Sloweniýa, Rumyniýa, Fransiýa we beýlekiler), şeýle hem Hindistan, Eýran, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Türkiýe, Ýaponiýa we beýlekiler bar.
Gol çekilen ylalaşyklaryň çygrynda bilelikdäki ylmy barlaglar geçirilýär, ylmy gazanylanlary özara alyşmak, ylmy işgärlere tälim bermek boýunça işler ýerine ýetirilýär, bilelikdäki ylmy merkezler döredilýär. Meselem, häzirki wagtda türkmen we özbek alymlary tarapyndan bilelikdäki taslamalaryň 4-si amala aşyrylýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça merkezi bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň ýanynda Türkmen-hytaý Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi döredildi.
Daşary ýurt gaznalarynyň we halkara guramalaryň ylmy barlag grantlarynyň çygrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlary, hususan-da, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça agentligi (JICA) bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly seýsmologiýa boýunça birnäçe taslamalary amala aşyrýar.
Dünýäde ylmyň we tehnikanyň sazlaşykly ösdürilýän eýýamynda we adamzadyň ylmy düşünjeleriniň üstünlik gazanýan döwründe Türkmenistanda halkyň intellektual mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin ähli şertler döredildi.