Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew 2023-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherleriň forumyna (APUF-8) gatnaşdy.
Bu çäre, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman ykdysady we jemgyýetçilik komissiýasy we Suwon şäher häkimligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrligi, BMG-Habitat, Halkara «Habitat adam üçin» we «CityNet» assosiasiýasy bilen bilelikde guraldy.
Foruma milli we ýerli hökümetiň, seljeriş merkezleriniň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we sebitiň ýaşlar guramalarynyň 1800-den gowrak wekilleri gatnaşdy. Üç gün dowam eden forumyň esasy maksady, durnukly şäher ösüşini gazanmak üçin innowasion çözgütleri, bilelikdäki hereketleri we netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek.
Forumyň esasy wakalarynyň biri, ESCAP agza döwletleriň ministrleriniň we işgärleriniň çykyş eden APUF-8-iň ýokary derejeli sessiýasy boldy.
Ilçi B.Durdyýew çykyşynyň dowamynda gatnaşyjylara soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda howpsuz, ýokary hilli ýaşaýyş jaýlara ähli ýaşaýjylaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen uly şäher gurluşyk maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilendigini habar berdi. Şeýle hem, ilçi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň durnukly ösüş ýörelgelerini göz öňünde tutup, şäher meýilnamalaşdyrylyşyna berk ygrarlydygyny, Arkadag ýaly “akylly şäherleriň” döremeginiň innowasion çözgütleri we durnukly ösüş strategiýalaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigini aýtdy. Bu görnüşli şäherler Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlary tarapyndan hem ulanylyp bilner. Arkadag şäherini gurmak tejribesiniň “akylly” şäherleriň ykdysady abadançylygy durnukly ösüş bilen sazlaşdyryp biljekdigini görkezýän nusga bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
Sessiýa, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnukly şäher ösüşi boýunça ýokary derejeli Kommnýunike kabul edildi, bu durnukly şäher ösüşi boýunça sebitleýin ylalaşygy açyp görkezýär. Resminama ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlaryndaky şäherleriň ösmegine gönükdirilendir. Şeýle hem, toplumlaýyn şäher we territorial meýilnamalaşdyryşy, howanyň durnuklylygy üçin köp derejeli dolandyryşy, gowşak toparlar üçin öz içine alyjy şäher syýasatlaryny, şäher maliýeleşdirmegi üçin amatly gurşawy we sanly innowasiýalary ösdürmegiň zerurdygyny görkezýär. Şunuň bilen birlikde, resminama hökümetleri Durnukly ösüş maksatlaryna, Pariž şertnamasyna we Täze şäher gün tertibine ýetmek üçin çäreleri işjeňleşdirmäge çagyrýar.