2017-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça Türkmenistanyň KHBS-niň döwlet gulluklarynyň wekilleriniň we Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda tegelek stol görnüşindäki duşuşyk geçirildi.
Halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlaryn milli KHBS-niň häzirki wagtdaky işi, şeýle hem olaryň türkmen jegyýetçiliginiň durmuşyndaky orny bilen tanyşdyryldylar. Mundan başga-da žurnalistleriň Türkmenistandaky işiniň hukuk esaslary barada giňişleýin maglumat berildi. Türkmen KHBS-niň hünär taýýarlygynyň meselelerine degmek bilen, taraplar olary geljekde kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini we milli KHBS-niň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem žurnalistika çygryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähli taraplaryň gyzyklanmalary bellenildi.
Mejlisde çykyş eden Ýewropa Bileleşiginiň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili L.Frebort, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýe.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Ýe.Drozd, UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Ş.Nilofer, Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň uly syýasy geňeşçisi A.Pupols, ABŞ-niň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistandaky ýolbaşçysy K.Miller geljekde bu ugurdaky işlerini utgaşdyrmakda gyzyklanmalaryny beýan etdiler we türkmen KHBS-niň işini kämilleşdirmek boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdiler.