icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 ýanwar 2017

1203

Aşgabatda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdalyk boýunça bilelikdäki Türkmen-Özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Aşgabatda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdalyk boýunça bilelikdäki Türkmen-Özbek toparynyň nobatdaky on üçünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, şol sanda käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Özbegistan tarapynyň wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Birinji Wise-Premýeri, “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy jenap Açylbaý Žumaniýazowiç Ramatow baştutanlyk etdi.

Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli taraplaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizilipdir.

Taraplar 2016-njy ýylyň 26-27-nji sentýabrynda Daşkentde geçirilen toparyň on ikinji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşynyň depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak üçin dürli derejelerdäki yzygiderli duşuşyklaryň wajyplygyny belläp geçdiler. Toparyň agzalary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, şol sanda ýangyç-energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça edilmeli işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bilelikdäki Türkmen-Özbek toparynyň nobatdaky on üçünji mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Şeýle hem taraplar Bilelikdäki toparyň indiki mejlisini 2018-nji ýylda Özbegistanda geçirmegi ylalaşdylar.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi