icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 fewral 2017

1549

Türkmenistanyň DIM-nde Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi

2017-nji ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Hazar sebiti ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri we bilermenler gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň taýýarlan Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasy özara bähbitli halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV sammitinde bu resminamany işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy we beýleki anyk teklipleri öňe sürdi.

Iki günlük mejlisiň barşynda Ylalaşygyň dürli maddalary boýunça özara peýdaly pikir alyşmalar boldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda bilermenler duşuşykda öňe sürlen teklipleri we bellikleri nazarda tutup, bu Ylalaşygyň käbir düzgünlerini ylalaşdylar we taslamanyň üstünde işlemegi dowam etmelidigi barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi