2017-nji yýlyň 2-nji fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamid bin Faýsal al-Sehli bilen duşuşyk geçirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň çygry boýunça pikirler alşyldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan döwlet saparynyň we Er-Riýadda Saud Arabystany Patyşasy Salman bin Abdulaziz Al Saud bilen bolan duşuşygynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky adat bolan dostlukly gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek barada ýörelgeleýin ylalaşyklar gazanyldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki saparlaryň netijeleri we gol çikelen resminamalar energetika, ulag, maliýe-bank ulgamy ýaly möhüm strategiki ugurlarda hyzmatdaşlygy jebisleşdirmek üçin berk syýasy-hukuk binýady emele getirýändigini nygtadylar.