icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

02 iýun 2023

2299

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Ilçi M.Çaryýewiň Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda, Ilçi onuň bu gurama Türkmenistanyň Wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy.

Söhbetdeşligiň barşynda M.Çaryýew Halkara sergiler býurosynyň halkara sergileri guramak we utgaşdyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady. Türkmenistan bilen HSB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny mälim etdi.

Ilçi HSB Türkmenistanda milli we halkara sergileri, forumlary we ýarmarkalary geçirmäge, şeýle hem maslahat beriş hyzmatlaryny we tehniki seminarlary geçirmäge berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde HSB-nyň Baş sekretary D.Kerkentzes, Ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady we işinde üstünlik arzuw etdi, HSB bilen Türkmenistanyň arasynda soňky ýyllarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi we Guramanyň maksatlaryna we wezipelerine ýetmekde Türkmenistanyň möhüm goşandyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynyda Türkmenistanyň HSB-iň howandarlygynda guralan ähli halkara çärelere işjeň gatnaşýandygyny, bu ýerde senagat, oba hojalygy, energetika, ulag, syýahatçylyk  we medeniýet ýaly dürli ugurlarda gazanan üstünliklerini we mümkinçiliklerini görkezýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Astanada, Milanda, Pekinde we Dubaýda gurnalan Türkmenistanyň milli pawilionlarynyň iň baý we owadan meýdançalaryň biri bolandygyny aýtdy we Ýaponiýada geçiriljek EXPO-2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilionynyň şowly boljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi