Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň we «Turkmenistan» halkara žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde gurnan bu tanyşdyryş dabarasyna Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň deputatlary, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Russiýada akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, alymlar, syýasatşynaslar, žurnalistler we bilermenler gatnaşdy.
Bu möhüm çärede çykyş edenler täze kitabyň Beýik ýüpek ýolunyň ruhy we medeni-taryhy ähmiýetini dabaralandyrmakda we wagyz etmekde örän uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaby baý taryhy maglumatlara, türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ruhy mirasyna hormat goýýan Garaşsyz we Hemişelik bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman ösüş konsepsiýasy nukdaý nazaryndan ser salmaga mümkinçilik döredýändigini, onuň sebit we ählumumy integrasiýa we ösüşe ymtylmasyny görkezýändigini aýratyn belläp geçdiler.
Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen bu eseriň türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna obýektiw baha bermäge, halkyň milli we medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ykdysady, ylmy we medeni ösüşine goşan bimöçber goşandy barada gyzykly maglumatlary öz içinde jemlemegi türkmen döwletiniň geljegi nukdaý nazaryndan hem möhüm ähmiýeti barada çykyş eden alymlar we bilermenler tarapyndan aýratyn bellenildi.
Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus diline terjime edilen «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türkmen-rus syýasy we gumanitar dialogyň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegine ýakyndan goşant goşýan edara-guramalaryň wekillerine sowgat berildi. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň, Daşary işler ministrliginiň, GDA-nyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň halkara gaznasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Moskwanyň žurnalistler bileleşiginiň, Russiýanyň DIM-niň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň) kitaphanalaryna, şeýle hem Moskwada akkreditirlenen GDA döwletleriň diplomatik korpusynyň duaýeni, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogluna sowgat berildi.