2016-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransuz Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Fransua Delaus bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Fransuz Respublikasynyň arasyndaky ynamly we özarabähbitli gatnaşyklary barada aýdyp, taraplar yzygiderli esasda geçirilýän işjeň we köpderejeli gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler.
Gepleşikleriň çäginde syýasy we söwda-ykdysady çygyrlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde ösdürmegiň meselelerine seredildi. Şeýle hem türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer düzüjisini çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki çareleri geçirmegiň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ugurlaryň arasynda bilim we ylym ulgamlary bellenildi.
Duşuşygyň çarçuwasynda Fransuz Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Fransua Delaus ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.