Durnukly ösüşiň, ykdysady öňegidişligiň we durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen global prosesleriniň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolmak bilen Türkmenistan şu ýylda hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanşykly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynda kesgitlenilen ähmiýetli wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda alyp barýan işlerini sazlaşykly dowam etdirer.
Şu 2020-nji ýylda – Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllygyny belleýändir. Bu taryhy döwrüň dowamynda, ýagny mart aýynda ýurdumyz Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görýändir. Bu waka dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasyndaky ulag- üstaşyr hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýetli bolup, ol globalizasiýanyň aýrylmaz bölegi bolup durýandyr. Türkmenistanyň ulag strategiýasynda taryhy özboluşlylyklary bardyr. Uzak taryhda ýurdumyzyň çäginden yklymyň halklaryny we döwletlerini birleşdiren ýollar, siwilizasiýanyň kemala gelmeginde, Gündogaryň we Günbataryň özarahereketlerinde ähmiýetli orun alan Beýik Ýüpek ýoly geçendir.
Türkmenistan bu ugurda häzirki wagtda hem işjeň hereketleri alyp barýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, «Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen Demirgazyk-Günorta, Günbatar-- Gündogar ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljegi esaslandyrylan bolup görünýändir we ol Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirip biljekdir». Hut şu maksat bilen hem halkara taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýändir. «Demirgazyk-Günorta» ugry boýunça Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ulanylyşa girizilmegini hem öz nobatynda munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.
Bu teklipleriň ählisi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda eden teklipleri esasynda, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama kabul edildi. BMG-niň BA-nyň 70-nji sessiýasynyň barşynda 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnama kabul edildi. Mundan başga-da, 2017-nji ýylyň 20- nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Bu kararnamalaryň kabul edilmegi global ölçegde ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi ulgamynda Türkmenistanyň tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýandyr. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan ulag ulgamynda gepleşikler üçin netijeli platforma öwrüldi. Şunlukda, 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat geçirildi we ol Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi bilen tamamlanandyr. Bu çäräniň barşynda onlarça ýurtlardan gelen döwlet ýolbaşçylarynyň, döwlet işgärleriniň ençemesi, şeýle-de öňdebaryjy halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin esasy şertleriň biri hökmünde ulag ulgamynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem- de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi. Bu ylalaşyga 2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maslahatyň (RECCA VII) barşynda gol çekildi. Bu ulag geçelgesi sebitiň ykdysady integrasiýasyny ýokarlandyrmaga we söwdanyň göwrümlerini artdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan demir ýol, awtoulag, howa we deňiz ulaglarynyň ulanylmagy bilen howpsuz hem-de özarabähbitli halkara geçelgeleriniň döwredilmegi ugrunda işleri dowam etdirýär. 2019-njy ýylyň awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar Ykdysady Forumynyň barşynda geçirilen hazarýaka döwletleriniň ulag ministrleriniň duşuşygynyň barşynda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ähmiýetli orny aýratyn nygtaldy.
Mysal hökmünde, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäherinde gurlup ulanyşa girizilen Halkara deňiz porty tutuş merkezi-aziýa sebitiniň esasy logistika merkezleriniň biri bolmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan bu iri göwrümli maýa goýum taslamasynda parom, ýolagçy we konteýner terminallary gurlandyr. Şol bir wagtyň özünde hem ol ürgün ýükler terminalyny, polipropilen ýükleýiş terminalyny we gämi gurluşyk hem-de gämi abatlaýyş zawodlaryny özünde jemleýändir.
Şeýle hem Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda demir ýol we awtoulag ýollarynyň, köprüleriniň gurluşygy giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylandyr. Amyderýanyň üstünden täze demir ýol we awtoulag köprüleri gurulýar. Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam edýär.
Ýurtda howa ulaglaryna hem uly ähmiýet berilýär. Aşgabadyň halkara howa menzili Merkezi Aziýa sebitinde iri desgalaryň biri bolup, tehnologiki taýdan enjamlaşdyrylanlygy boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolup durýandyr. Döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça Türkmenbaşy şäherinde Halkara howa menzili, Mary şäherinde ýolagçy terminaly we uçuş- gonuş zolagy gurlup ulanmaga berildi. 2018-nji ýylyň başynda Türkmenabat şäherinde halkara howa menziliniň gurluşygy tamamlandy we desga ulanylyşa girizildi. Daşoguzyň aerodromynda uçarlaryň dürli görnüşlerini kabul etmäge ukyply bolan täze uçuş-gonuş zolagy gurlup ulanmaga berildi.
Demir ýol aragatnaşygy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan ähmiýetli uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde goňşy ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. 2018-nji ýylyň fewralynda «Lazurit» ulag-üstaşyr geçelgesiniň bir bölegi bolan Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) demir ýoly ulanyşa girizildi. 2016-njy ýylyň güýzünde gurlup ulanmaga berilen Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýoly Aziýanyň halkara ulag geçelgesiniň ilkinji tapgyry bolup durýandyr.
2020-nji ýylyň martynda geçiriljek ulag maslahaty deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň arasyndaky ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin netijeli meýdança öwrüler. Bu öz nobatynda sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine oňyn itergi berer.