icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

01 October 2022

156178

Education

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-synyň, orta mekdepleriň 54-siniň, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler öňde goýlan hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bar.

Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany artýar.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi, jemgyýetiň bitewiligini, berkligini, agzybirligini we jebisligini aňladýar; döwletde amala aşyrylýan belent sepgitlere we özgertmelere ýetmek üçin milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ýakyndan gatnaşmagyna ýardam berýär.

Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgylaryny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri turulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi hereket edýär. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy» tassyklanyldy.

Ýurduň okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilen hem-de Internet ulgamyna birikdirilen. Mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça dersler girizildi.

Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde Milli bilim institutynyň binýadynda yzygiderli okuw sagatlary, hyzmatdaşlar hem-de halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we dünýä tejribesini ulanmagyň hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan aň-bilim çäreleri geçirilýär.

«Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasy Milli bilim institutynyň ylmy-usulyýet mümkinçilikleriniň berkidilmegine ýardam etdi. Bu ýerde portal, saýt we elektron kitaphana döredildi. Olar häzirki döwürde üstünlikli hereket edýär. Umumybilim berýän mekdepleriň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin «Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti» mowzugy boýunça okuw maslahatlary geçirilýär.

Bu gün Türkmenistanda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iň­lis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek ulgamynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 200-e golaýy hereket edýär.

Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri (ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli gi­ňeldilýär.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan