icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»

01 oktýabr 2022

178911

Bilim

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Obadyr şäherlerde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary gurulýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 28-niň, orta mekdepleriň 26-nyň, täze 3 sany ýokary hünär bilim edarasynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler öňde goýlan hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bar.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletiň we jemgyýetiň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi, jemgyýetiň bitewüligini, berkligini, agzybirligini we jebisligini aňladýar; döwletde amala aşyrylýan belent sepgitlere we özgertmelere ýetmek üçin milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ýakyndan gatnaşmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň many-mazmuny, bilim berijiligi we ylmy-usulyýet ugurlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim edaralaryny okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olary aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi hereket edýär. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli» Konsepsiýalary durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli derejelerinde bilim berlişiniň hil derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Maksatnama çaganyň irki ýaşyndan başlap, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, saglygynyň, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutýar.

 “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda” bellenilişi ýaly, her bir bilim işgäri çagalara bilim bermek işinde okatmagyň işjeň öwreniş (interaktiw) usullaryndan, şeýle-de innowasion tehnologiýalardan we döwrebap okuw-tehniki serişdelerinden netijeli peýdalanyp bilmelidirler.

Üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmelerine laýyklykda mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara berilýän bilim-terbiýäni döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleriň taýýarlygyny we gaýtadan taýýarlygyny ýokarlandyrmak wajyp wezipeleriň biri bolup durýar.

Ýaşlaryň sanly tehnologiýalardan başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmagyna, ýokary hilli hünäriň ösdürilmegine, mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyna, sanly bilimi ösdürmegine uly üns berilýär. Bu ugurda bilim edaralary ýokary depginli we üstünlikli işleri alyp baryp, uly sepgitlere eýe bolýar.

Bilimiň sanlylaşdyrylyşy birnäçe möhüm ugurlar boýunça alnyp barylýar: bilimiň elýeterliligini artdyrmak, şahsy bilimi bermek, sanly başarnyklary ösdürmek, interaktiw okuw görnüşlerini kämilleşdirmek, bilim bermegiň usullarynyň dürlüligini ösdürmek, emeli aň arkaly ösüşi seljermek we baha bermek, innowasion bilim modellerini döretmek, bilim ulgamlaryny netijeli dolandyrmak, geljege taýýarlyk görmek.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde sanly bilimi ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy bilen interaktiw okuw simulýasiýalary ornaşdyrmak, bäsleşikleri, seminarlary geçirmek, Bilim maglumatlarynyň dolandyryş ulgamyny döretmek, ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary instituty bilen hünär kämilleşdiriş, emeli aň boýunça tejribe alyşmak, kadalaşdyryjy hukuknamalary işläp taýýarlamak, bilim bermegiň sanly usulyýetlerini kämilleşdirmek,          Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa okuw gaznasy bilen iş üpjünçiligine gözegçilik etmegiň usulyýetini kämilleşdirmek, hünär standartlary halkara ülňünlerine laýyklyga getirmek, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Hindistan Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hünär kämilleşdiriş, Hytaý Halk Respublikasy bilen emeli aň tehnologiýalary Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak we başga-da birnäçe ýurtlar we guramalar bilen işler alnyp barylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binýadynda yzygiderli okuw sagatlary, hyzmatdaşlar hem-de halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we dünýä tejribesini ulanmagyň hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan aň-bilim çäreleri geçirilýär.

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, şeýle-de sebitdäki ýurtlaryň hünärmenleri bilen bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň çäginde tejribe alyşmaga, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri, gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilikler alýarlar.  Türkmenistanyň Milli bilim institutynda sanly ulgam hereket edýär. Institutyň elektron kitaphanasy diňe bir ylmy işgärlere däl, eýsem, institutda gurnalýan hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň diňleýjilerine hem netijeli hyzmat edýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek ulgamynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 213-si hereket edýär.

Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri (ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO, UNODC, WHO, IOM), BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.

Bilim, ylym, innowasion tehnologiýalar, taryhy we binagärlik ýadygärliklerini goramak hem-de dikeltmek ugurlary we beýleki meseleler boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda geljegi uly ylym we bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu iş häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilimlere, öňdebaryjy tehnologiýalara, umuman, ylmyň we bilimiň innowasion ösüşine esaslanýan adam kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda ýurdumyzda UNESCO-nyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara taslamalarynyň biri bolan “UNITWIN” maksatnamasyny işjeň ornaşdyrylmaga girişildi. Munuň netijesinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda UNESCO-nyň kafedralaryny döretmek we ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 6-syny bu guramanyň Assosiirlenen mekdepleriniň ulgamyna girizmek boýunça işler ýola goýuldy. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň käbir ýokary okuw mekdeplerinde UNESCO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi. Netijede, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» atly, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüşiň bähbidine ekologiýa bilimi» atly UNESCO-nyň kafedralary döredildi.

2023-nji ýylda «Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda konwensiýasy» boýunça milli maglumat merkeziniň wezipesini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi kesgitlendi.

117 döwletiň ýokary okuw jaýlarynyň şuňa meňzeş kafedralaryny birleşdirýän UNESCO UNITWIN kafedralarynyň tory, olara ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halkara möçberde milli tejribesini paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň başlangyjy esasynda «Ahalteke atlary - parahatçylygyň ilçileri» atly UNESCO kluby açyldy. M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO kluby açyldy. Şeýle hem häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylyk dilleri”, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylyk medeniýeti”, Türkmen oba hojalyk institutynda “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy”, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klublary hereket edýärler.

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär.  Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen gatnaşyklar ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy olardan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işleri alyp barýar.

Mundan başga-da, Ýewropa Komissiýasynyň garamagyndaky Ýewropa Bilim Gaznasy (ÝBG) 1995-nji ýyldan bäri bilim we hünär taýýarlyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda edilýän tagallalary goldamak arkaly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, mümkinçilikleriň elýeterliligini üpjün etmek we sosial jebisligi berkitmek ýaly has giň maksatlaryna laýyk gelýär. ÝBG dürli Ýewropa ýurtlarynyň tejribesini we öňdebaryjy usullaryny paýlaşyp, Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa daşary aragatnaşyk gullugynyň işlerini doldurýar.

2022-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada ýaşlary goldamak maksady bilen ilkinji sebit taslamasyny – DARYA (Merkezi Aziýada Resursly Ýaşlar üçin Dialog we Hereketler) maksatnamasyny durmuşa geçirip başlady. ÝBG tarapyndan amala aşyrylýan bu bäş ýyllyk taslama 10 million ýewro möçberindäki býujete eýe bolup, 2022-2027-nji ýyllar üçin meýilleşdirilen.

Maksatnama Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň iş bazarlarynda inklýuziýany güýçlendirmäge we hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu taslama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we beýleki pudaklaýyn edaralar işjeň gatnaşýarlar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi