24 noýabr 2023
4175
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň (JATA) prezidenti Kuniharu Ebina bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýahatçylyk ugry boýunça özara pikir alyşdylar.
Ilçiniň bellemegine göra, biziň ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we bu ugurda gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär, şunda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýahatçylyk boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir.
Taraplar türkmen we ýapon syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda alyş-çalyş okuw maksatnamalarynyň ähmiýetini bellediler.
Başga habarlar
02
Sep
Aktau şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
01
Sep
Türkmen türgenleri Bütindünýä Çarwadarlar oýunyna gatnaşýar
31
Aug
Türkmenistanyň halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary durmuşa geçirilýär
31
Aug
Türkmenistanyň Ilçisi ADIHEX halkara sergisiniň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy
31
Aug
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Ähli habarlary görmek